TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gyzyl  şugundyrynyň biologiki aýratynlyklary we agrotehniki idegi

Nahar şugundyryny iýmit hökmünde 3 müń ýyldan öń hem ulanypdyrlar. Biziń ýurdumyzda XI asyrdan bäri gök ekin hökmünde ekilýär. Nahar şugundyry adamlar tarapyndan ýylyń dowamynda gińden ulanylýar. Ondan dürli naharlar, işdäaçarlar taýýarlanylýar. Nahar şugundyryny ter, kakadylan görnüşlerinde we gaýtadan işlemekde peýdalanylýar. Adaty şugundyr – Beta vulgaris. Selmeler (Chenopodiaceae) maşgalasyna degişli bolan ikiýyllyk gök ekindir. Birinji ýyl kökmiwesini berýär, ikinji ýyl tohum alynýar. Adaty şugyndyr ok kök ulgamly, topragyñ 0,8 metr çuñlugyna çenli ýetýär. Baldagy 1 m çenli ösüp, baldak yapraklary has uzyn, üçburçly we lanset şekilli, ýapraklary uly, ýönekeý, ýaprak sapakly bütin plastinkaly bolýarlar. Sübsejik şekilli gül topbagyny emele getirýärler. Olarda ownuk iki jynsly diñe okara ýaprakly güljagazlar ýerleşýär. Miwesi toparlaýyn ýerleşen. Olar özara birleşip miwe toplumyny (soplodiýa) emele getirýärler, 2-6 sany tohum emele getirýär. Tohumy őrǎn ownuk bolŷar. 1000 tohumynyñ agramy 15-40 g. Şugundyr sowuga çydamly ősűmlik, onuñ tohumy 2-4 0 C-da gőgerŷǎr. Şugundyr çuñ sűrűlen, çägesőw, ýumşak we iýmit maddalaryna baý bolan topragy talap edýär.

Medeni nahar şugundyry 2 topara bölünýär:

  1. Kökmiweli nahar şugundyry (ikiýyllyk);
  2. Ýaprak nahar şugundyry – Mangold (birýyllyk).

Nahar şugundyrynyń kökmiwesinde 14 % şeker, mineral duzlar (fosfor, kaliý, kalsiý, demir), alma, limon kislotalary we witaminler saklanýar. Kökmiwesinde C we B 1 witaminlerden başga-da adamyń ganyny köpeldýän PP witamini hem saklanýar. Türkmenistanda ýazlyk we güýzlük nahar şugundyrynyń Bordo-237 we Ýasy Müsür sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Ýazlyk şugundyr fewralyň 25-den martyň 10-15-ne çenli aralykda, güýzlük şugundyr iýulyň 20-den awgustyň 20-ne çenli möhletlerde el bilen we kämil oba hojalyk maşynlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. 62-nji surat. Mangold-nahar şugundyry (kümüşsöw reňkli, altynsöw reňkli, gyzyl reňkli) Birinji ýyl ýapraklary güýçli ösüp, topragyń 1,5-2,5 m çuńlugyna aralaşýan, güýçli ösen kök ulgamyny emele getirýär. Ikinji ýyly toprakdaky kökmiwesinden gül baldagyny we sübse görnüşli gül topbagyny emele getirip tohumlaýar. Kök ulgamy has güýçli ösendir.

Nahar şugundyrynyň gurluşy:

1-ýaşajyk ösümlik;

2-Bordo sorty;

3- gül toplumy;

4-güli; 5-miwesi.

Nahar şugundyrynyń biologiki aýratynlyklary Howa bolan talaplary. Sowuga çydamly, kökmiweli gök ekin bolup, tohumlary 2-3 0 C-da gögerip çykýar. Nahar şugundyrynyń amatly ösmegi üçin 24-26 0 C şeýle hem kökmiweleri 26 0 C howa şertlerinde gowy düýpleýärler. Eger-de howa 32-36 0 C çenli gyzgyn bolsa, ösüşini haýalladýar. Howa çendenaşa gyzgyn günleri, suw tutulsa, nahar şugundyrynyń kökmiweleri ýumşak bolýar. Kökmiweleri keseligine kesilende agymtyl çal reńkli bolsa, toprakda ýokumly maddalaryń ýetmezçiligi ýa-da suw tutulyş kadasynyń bozulmagy netijesinde bolup geçýär. Nahar şugundyrynyń amatly ösmegi üçin howanyń ýokary derejede çyglylygy zerurdyr. Howanyń çyglylygy 70-75 % bolmasa, nahar şugundyry düýpleýän döwri sowuk howa akymlary gabat gelse, gowy düýpläp bilmeýär. Nahar şugundyrynyń ýerüsti bölegine 2-3 0 C sowuk howa akymy zyýanly täsir etmeýär. Eger-de howa 4-6 0 C çenli sowasa, ýapraklaryny sowuk urýar, kökmiwelerini sowuk urmaýar. Howa 12-16 0 C çenli sowasa, toprakdaky kökmiwelerini sowuk urýar. Gyş aýlary nahar şugundyryny sowuk urmazlygy üçin, toprak çygly saklanýar, her 5-6 günden suw tutulýar. Tomus aýlary howa 42-45 0 C çenli gyzanda, nahar şugundyryna gündiz suw tutmak zyýanlydyr. Nahar şugundyrynyň miwesi Ýagtylyga bolan talaplary. Nahar şugundyry uzak günüń şöhlesini talap edýän gök ekindir. Nahar şugundyry ekilenden soń, ümürli, bulutly howalar köp bolsa ýer üsti bölegi güýçli ösýär, ýöne wagtynda düýpläp başlamaýar. Kökmiweleri ownuk bolýar. Nahar şugundyryna düýpläp başlaýan döwründe ýagtylyk has köp gerek bolýar. Ýagtylyk ýetmedik ýagdaýynda, kadaly iýmitleniş şerti bozulýar we kökmiwesiniń içi gyzyl reńkden alabeder reńke geçýär. Topraga bolan talaby. Ýeńil we aram topraklarda gowy ösüp, kadaly kök miwelerini emele getirýär. Toprakda suw ýetmese, kökmiweleri gatańsy, guraksy bolýar. Nahar şugundyrynyń ösdürilip ýetişdirilişi. Nahar şugundyry däneli ekinlerden, kelemden, kartofelden, hyýardan, pomidordan, sogandan boşan ýerlere ekilýär. Nahar şugundyryny ekmek üçin ýeňil we aralyk, mele toprakly ýerler saýlanyp alynýar. Nahar şugundyry ekiljek ýer mineral dökünler bilen gurplandyrylýar. Haşal otlara garşy göreş çäreleri geçirilýär. Toprak 45-60 sm çuńlukda sürülýär, tekizlenilýär we 60 sm aradaşlykda joýalar çekilýär. Joýalaryń gerşine tohumlar 3-4 sm çuńluga bir setirleýin sepilýär. Nahar şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin gektara 12-14 kg tohum ulanylýar. Şugundyryň tohumlary topraga sepilenden 7-12 gün geçenden soň gögerip başlaýar. Güýçli ösýänlerini galdyryp, 5-8 sm aradaşlykda selçeňledilýär. Şugundyryň 4-nji ýapraklary ösüp çykandan soň, mineral dökünler berilýär we ösüş suwy tutulýar. Ösüş döwri 3 gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Howa we toprak şertlerine baglylykda 4-12 gezek suw tutulýar. Eger howa gurak bolup, toprak çalt yzgaryny ýitirse, 6-7 günden suw tutulýar. Gektara 800 m 3 mukdarda suw tutulsa, topragyń yzgarlylygy kadaly bolýar. Hatararalary her suwdan soň toprak taba gelende, 8-12 sm çuňlukda ýumşadylýar. Haşal otlar el bilen we himiki gores çäreleri arkaly aýrylýar. Nahar şugundyrynyň kökmiweleri 160-180 günüň dowamynda ýygyma taýýar bolýar. Nahar şugundyryny ýygmak üçin MMT-1 we EM-11 köwleýji maşynlar ulanylýar. Hasyllylygy gektardan 30-35 tonna. Nahar şugundyrynyń önümçilik sortlary. Bordo-237 sorty. Bu sort Gribowskiý gök ekinçilik seleksion stansiýasy tarapyndan döredildi. Ýaprak topbagy onçakly köp däl, ýapraklary sary, sargylt-gyzyl reńkli, ýapraklarynyń reńki ýaşyl bolýar. Şugundyr togalak formaly, gabygy goýy gyzyl we birneme büdür-südür bolýar. Şugundyryń düýbi ösýän mahalynda ýarysyna diýen ýaly ýere girýär, şaha ýaýratmaýar. Bu bolsa hasyl ýygnamak işini has ýeńilleşdirýär. Onuń eti goýy gyzyl reńkli bolmak bilen, gyzgylt-gońur öwüşginlidir. Bu sort ortaça ýetişýän sorta degişlidir. Gögerenden soń ýetişýänçä 100-110 gün gerek. Desseleýin önümi bolsa, gögerenden soń 50-60 günden almak bolýar. Bu sort ýokary hasyllydyr. Onuń kökmiwesiniń agramy 500-600 g ýetýär, gowy tagamly we gyşda gowy saklanýar. Bordo-237 sorty Ýasy Müsür sorty. Merkezi gara toprakly W.W.Dokuçaýew adyndaky oba hojalyk ylmy-barlag institutynda döredildi. Kökmiweleri ýasy, togalak-ýasy şekilli. Kökmiwesiniń reńki gyzyl, gögümtil tegmilleri bolýar. Kökmiwesiniń formasy boýunça indeksi 0,5. kök miweleri 12-15 % gury maddalar toplaýar. Ösüş döwri 80-100 gün dowam edýär.

 

AKYÝEWA JENNET,

S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

Gyzykly maglumat: ilkinji lukmançylyk iňňesi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle