TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Gyzyl kürte» filmi Gazagystanda görkeziler

Eýýäm dünýäniň ençeme ýurdunyň, has takygy Russiýanyň, Türkiýäniň, Belarusyň tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan «Gyzyl kürte» çeper filmi Gazagystanda hem görkeziler.

Şu günler Almaty şäherinde “Bastau” kinofestiwaly geçirilýär. Şol festiwalyň Merkezi Aziýa bölüminde Türkmenistanyň filmlerine hem orun berildi.  Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan täze surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi hem görkeziler.

2-nji dekabrda türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi gazak kino tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

«Gyzyl kürte» çeper filmi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda düşürilipdir. Durmuşdan alnan bu hekaýatda ýanýoldaşy urşa giden oba gyzynyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Hatlarynyň birinde esger ýigit gelninden gyzyl kürtesini – milli bezegler bilen bezelen toý lybasyny aýyrmazlygy haýyş edýär.

Türkmenistanly kinosöýüjiler Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginde döredilen täze filme baha berip ýetişdiler.

Ýene-de okaň

­­­Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-5-nji fewral aralygy

Uzynlygy 70 metre barabar bolan tako tagamynyň rekordy

«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara festiwala çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Teswirle