SIZDEN GELENLER

Gyzyl (gyrmyzy) kekeçli Turako guşy

Bu guşlara Angola Kongo Respublikasynda duş gelmek bolýar. Bularyň üýtgeşikligi bolsa, gyzylja nyşanlary bolýar. Bu guşyň  latyn ady: “Tauraco eritrolofus” bolup, onuň boýy 45-50 sm-e barabardyr. Turakonyň agramy bolsa, 210 – 325 gr-a golaýdyr. Olar miwe, gül, tohum, ak garynjalar we ulitkalar bilen iýmitlenýärler.

Bu owadan guşlar köplenç 30 töweregi topar bolup birleşýärler we tokaý agaçlarynda miweleri we mör-möjekleri iýmegi gowy görýärler, ýöne kämahal suwa düşmek we suw içmek üçin ýere düşýärler.

Erkek we aýal ikisi hem umumy ýaşyl reňkde bolýarlar.  Ýöne arka we ganatly bölekleri has gök-ýaşyl reňkde, döş bölegi bolsa,  zeýtun-ýaşyl reňkde, uzyn guýrugy bolsa, gök reňkde bolýar.

Gyzyl reňkli turakonyň ýelegi bilen bir käse suw alyp garyşdyrsaňyz, suwuň gülgüne öwrüljekdigini bilýärdiňizmi? Munuň sebäbi, bu guşuň ýelegindäki pigmentde misiň bolmagydyr.

 

Wilsonyň jennet guşy

Ajaýyp sergisi bilen meşhur bolan ajaýyp reňkli guş Waýgeo we Batanta adalarynyň Papua adalarynyň pes tokaýlarynda duş gelmek bolýar. Erkek Wilsonyň jennet guşy ýaly ajaýyp reňk garyndysyny hödürleýän guşlar kän däl. Erkek jennet guşlarynyň owadan gara nagyşlary, firuzeli täji, gara ýokarky ganatlary, sary we gök aýaklary bolýar. Olaryň uzynlygy 10-16 sm-e bolup, agramy 53-67 grama golaýdyr. Guýrugy beýle uzyn däl emma üýtgeşik egrilen görnüşde bolýar. Olar miwedir mör-möjejikler bilen iýmitlenýärler. Jennet guşunyň reňkli erkek bilen deňeşdirilende goňur bedeni bar. Zenany özüne çekmek üçin erkek guş ajaýyp tanyşlyk görkezişini ýerine ýetirýär. Ilki bilen guş, bu tanyşlygyň mümkin boldugyça reňkli bolmagy üçin ýer arassalaýar. Aýal jennet gelende, erkek guş açyk ýeleklerini, kellesini, guýrugyny açyp, ajaýyp ýaşyl agzyny ýaldyrap, tanyşlyk sergisine başlaýar.

 

 

Sahymyrat Ýazmyradow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Ýene-de okaň

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry