TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gyzlar üçin hem harby gulluk

Hytaý Halk Respublikasynda 18 ― 22 aralygyndaky erkeklere harby gulluk hökmanydyr. Ýöne, isleseler, şu aralygynda gyzlaryň hem harby gullugy geçmegine, Watan goragyna goşant goşmagyna ýurduň kanunçylygy rugsat berýär.

Meseläniň gyzykly tarapy, häzir Hytaýda harby gullukçylaryň 7,5 göterimi gyzlardyr. Olaryň harby hyzmaty iki ýyl dowam edýär. Hytaý neşirleri ýurduň ýaş gyzlarynyň arasynda harby gulluga höweslileriniň juda kändigini ýazýar. Ýöne Hytaýda gulluk etmegiň hem belli bir şertleri bar. Olaryň ilkinjisi bolsa boý meselesidir. Harby gulluga isleg bildirýän hytaýly gyzlaryň boýy 170 santimetrden gysga bolmaly däl.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle