Polipropilen sapaklar Türkiýä iberiler

Gyýanlydaky polimer gazhimiýa toplumynda öndürilýän önümler «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň ýakynda özleşdiren polipropilen sapaklarynyň önümçiligi üçin esasy çig mal boldy. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde bellenilýär.

Sapaklaryň önümçiligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda açyldy. Bu ýerde dünýä ülňülerine jogap berýän dürli sapaklaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Kärhana tarapyndan satyn alnan öňdebaryjy Ýewropa enjamlary her gündde 22 tonna ýokary hilli propilen sapaklaryny öndürmäge niýetlenendir. Iň täze enjamlara ýaş hünärmenler erk edýärler.

Propilen sapaklary halylary we haly önümlerini taýýarlamakda ulanylýar, bu öz gezeginde olara berklik berýär we olaryň teňkini hem-de görnüşini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyklary sapaklara bolan uly islegi şertlendirýär. Şonuň üçin «Bagtyýar gurluşyk» HJ eksport ibermelerini ýola goýmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleri geçirýär. Öndürilen önümiň ilkinji tapgyryny Türkiýä ibermek meýilleşdirilýär.

Bu ýerli kärhanalaryň döwrebap tehnologiýalaryň we iň täze tehnikalaryň esasynda täze önümçilikleri döredip, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, önümlerini daşary bazarlara hem çykarmak üçin işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň mysallarynyň biridir.

Belläp geçsek, Gyýanly polimer zawodynda tebigy gazdan öndürilýän polietilen we polipropilen içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Muňa TDHÇMB-niň söwdalaryndaky eksport satyn alyşlary şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýerli polietilenden we polipropilenden turbalaryň, plastik gaplaryň, oýnawaçlaryň, halylar dokalýan dokma sapaklary, tanaplar, gaplaýjylar we beýleki önümler öndürilýär.

«Türkmengaz» döwlet konserni daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda 2018-nji ýylyň oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumyny ulanyşa girizdi. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna ýokary dykyzlykdaky polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň özünde, bu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden etan we propan bölünip alnandan soň, galan 4,5 mlrd kub metr harytlyk gaz gaz geçiriji ulgamlara iberilýär.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

 

ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Ykballara täsir...
“Meniň şygyrýetde gaýta-gaýta dolanýan mowzugym eje. Kimdir biriniň ejesi hakynda söz açylsa biygtyýar bokurdagym dolýar hem gözümiň öňi ümüzlenýär. Hemişe we hemişe  dolanjak, dolanýan , dolanan mowzugym ejedir”.                                                         Gülşirin Hanowa. Ýer ýüzündäki iň mukaddes ynsanyň Enedigi hemmämize mälim. Ene ýaşaýyş! Ene mukaddeslik! Ene barlyk! Enäniň waspyny ýetirmedik sungat adamsy ýokdur elbetde. Ene – her bir sungat adamsynyň döredijiligine ylham berýän...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Şu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen...
“Apple” kompaniýasynyň mobil enjamlarynyň uly bölegini Taýwanyň “Foxconn” kompaniýasy öndürýär. Kompaniýa soňky wagtlarda awtoulag senagatyna hemn aralaşýar. “Akylly” e4njamlaryň önümçiligini we önümleriniň tehnologiýa çözgütlerini işläp taýýarlaýan “Hon Hai Technology Group” (“Foxconn”) ilkinji elektroulaglaryny taýýarlady. Olar “Model C” ady bilen üýtgedip bolýan awtoulag, sedan görnüşli “Model E” we “Model T” atly awtobus. Ulaglaryň ählisi elekrik energiýasy bilen işleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary...
Düýeguşlar ýylyň mart-sentýabr aýlarynda köpelýärler. Onuň ýumurtgasynyň uzynlygy 15 santimetrden gowrak, agramy bolsa 1,5-2 kilograma deňdir. Ýumurtganyň düzümindäki belok 1 kilogram, sarysy 350 gramdyr. Ol beýleki guşlaryň arasynda iň uly ýumurtgasy bolan guşdyr. Towuk ýumurtgasy bilen deňeşdireniňde düýeguşuň ýumurtgasynda az holestrin badyr, şeýle hem onda doýgun ýag natriý bardyr. Düýeguşuň bir ýumurtgasy 24 towuk ýumurtgasyna deňdir. Düýeguşuň ýumurtgasynyň 100 gram energiýa...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
888FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar