TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gyşgaça sport täzelikleri… Iň çalt geçirilen gol

“Milan” futbol topary Italiýa“Seriýa A” çempionatynyň 13-nji tapgyrynda myhmançylykda “Sassuolo” futbol topary bilen garşylaşdy. “Milan” toparyň hüjümçisi Rafael Leau, Italiýa “Seriýa A” çempionatynyň taryhynda iň çalt  goly geçirildi. Portugaliýaly futbolçy duşuşygyň 7-nji sekundynda tapawutlanmagy başardy. Mundan ozal, bu netijäni 2001-nji ýylda geçirilen “Pýaçensa we Fiorentina” duşuşykda italiýaly Paolo Poji görkezipdir. Bu futbolçy 9-njy sekuntda hasaby açmagy başarypdyr. 21 ýaşly Rafael Leauň “Sassuolo” futbol toparyna geçiren bu goly çempionatda onuň şahsy 4-nji pökgüsi boldy.

***

Serbiýaly Nowak Jokowiç tennis sport taryhynda 300 hepde bäri birinji orunda saklanan dünýäde ikinji erkek tennisçi boldy diýip, Tennis hünärmenleri birleşmesiniň habar gullugy habar berýär. Bu görkeziji babatda birinji orny şweýsariýaly Rojer Federer eýeleýär. Onuň rekordy 310 hepdä barabardyr. Eger-de Jokowiç öz orunda galmagyny dowam etdirse, onda 2021-nji ýylyň 8-nji martynda Federerden öňe geçip biler. Üçünji orny amerikaly Pit Sampras (286 hepde), dördünji orny çehiýaly Iwan Lendl (270), bäşinji orny bolsa amerikaly Jimmi Konnors (268) eýeleýärler. 33 ýaşly Jokowiç “Uly tuwalga” ýaryşynyň 17-i gezek eýesi, Tennis hünärmenleri birleşmesiniň 81 gezek kubogynyň eýesi, “Wimbledon” çempionatynyň 5 gezek, ABŞ açyk çempionatyny 3 gezek we Fransiýa açyk çempionatyň bir gezek gazandy. Şeýle hem Jokowiç 2008-nji ýylda Pekin şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal hem gazanypdy.

***

“Altyn aýak” baýragynyň eýesi üçin geçirilen ses berişlikde “Ýuwentus” futbol toparynyň hüjümçisi Ronaldo birinji orny eýeledi. Bu baýragy futbol sportuna ösmegine goşant goşandy üçin 28 ýaşda ýokary futbolçylary berilýändigini ýatladýarys. Bu ses berlişige dünýäniň futbol janköýerleri gatnaşyp bilýärler. “Bu baýragy almagy we iň abraýly futbolçylar bilen birlikde adymy agzap geçmek meniň üçin mertebedir. Ähli janköýerlere sag bolsun aýdasym gelýär. Tüýs ýürekden hoşal boldum”diýip, 35 ýaşly portugaliýaly oýunçy ýürek buýsançlaryny öz “Instagram” jemgyýetçilik sahypasynda belläp geçýär. Şu ýylda Ronaldo Italiýa çempionatynda ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Jemi 33 oýun meýdança çykyp, alty gezek ýardam pasyny we 31 gezek tapawutlanmagy. Hüjümçi 1961-nji ýyldan bäri Seriýa A çempionatynda bir ýylda 32 gezek tapawutlanan ilkinji oýunçy boldy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Teswirle