TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gysgaça sport täzelikleri: Alaba “Reala” geçmekçi

Soñky döwürlerde futbol äleminde dünýä belli toparlar ýaş futbolçylara ýakyndan üns berip başladylar. Şolaryñ biri hem portugaliýanyñ “Sporting” futbol toparynyñ goragçysy Nunu Mendeş bolup durýar. Häzirki wagtda bu goragçy bilen “Ýuwentus, Mançester Ýunaýted, PSŽ, Inter, Liwerpul, Real Madrid” futbol toparlary gyzyklandyrma bildirýärler. Gyşky transfer möwsüminde bolsa bu toparlaryñ birine transfer bolup biler diýip habar berilýär. Şol toparlaryñ arasynda “Real Madrid” topary bu oýunça esasy dalaşgär hökmünde seredilýär. Sebäbi ispan topary Mendeşi tomusky transfer möwsüminde transfer etmek isläpdir. Nunu Mendeş portugaliýanyñ çempionatynda 10 oýuna çykyp bir gezek tapawutlanmagy başarypdyr.

                            **********
Germaniýanyñ “Bawariýa” futbol toparynyñ goragçysy Dawid Alaba, ýakynda ispaniýanyñ “Real Madrid” toparyna geçmäge ýakyndygy barada habar berilýär. Ispaniýanyñ Marca metbugatynyñ habar bermegine görä, iki tarap özaralaryndaky gepleşigi üstünlikli tamamlap, ylalaşyga gelip gyşky transfer möwsüminde bu topara geçip biler. 28 ýaşly goragçynyñ häzirki wagtda çykyş edýän toparynyñ arasyndaky şertnamasy, şu möwsümiñ ahyrynda tamamlanýandygy hem ýatladýarys. Alaba “Bawariýa” topar üçin ähli ýaryşlarda umumy 18 oýun geçirip, onda 1 gezek ýardam pasyny we 1 gezek tapawutlanmagy başardy.
                              **********
Fransiýanyñ “PSŽ” futbol topary 1-nji ýanwarda 73 ýaşynda bolan toparyñ öñki hüjümçisi Bernar Ginedunyñ aradan çykandygy barada habar berýär.
“Toparyñ taryhynda ilkinji goly geçiren Bernar Ginedunyñ aradan çykandygyna gynanç bildirýäris” diýip, “PSŽ” futbol topary oýunçynyñ hossarlaryna gynanç hatyny ugradypdyr. Hüjümçi Ginedu 1966-1970-nji ýyllarda “Stad Sen-Žermen” toparynda çykyş edipdir. 1970-nji ýylda bolsa bu topar, “Pariž” topary bilen bileleşip, “Pari Sen-Žermen” toparyny döredipdirler. 1970-nji ýylyñ 23-nji awgustynda “PSŽ” topary ilkinji resmi duşuşygyna çykýar we Ginedu toparyñ taryhynda ilkinji goluny geçirýär. Ginedu “PSŽ” topary üçin 69 oýuna çykyp, 14 gezek gol geçirmegi başarýar. 1972-nji ýylda bolsa bu topary terk edýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle