TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gysgaça futbol täzelikleri

Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol toparynyň dünýä belli horwatiýaly ýarymgoragçysy Luka Modriç ýene-de bir ýyl toparda galar. Modriçyň häzirki wagtdaky şertnamasy geljek tomusda tamamlanýar. Futbolçy we topar şertnama barada ylalaşyp bildiler. Modriç topara 2012-nji ýylda goşulyp, topar bilen 4 gezek Çempionlar ligasyny gazanmagy başardy. 2018-nji ýylda bolsa Luka Modriç ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy we altyn top baýragyna mynasyp boldy.

******

Ýewropa ligasynyň 1/4 tapgyrynda Unaý Emeriniň tälim berýän “Wilýareal” topary öz meýdançasynda 2:1 hasaby bilen “Dinamo Zagreb” toparyny ýeňmegi başardy. Tejribeli dünýä beli Unaý Emeri üçin Ýewropa ligasynyň ýarym finalyna çykmak babatynda karýerasyndaky altynjy gezek boldy. Bu çempionatyň taryhynda rekord hasaplanylýar. Mundan başga-da Unaý Emeri çempionatyň ýarym finalyna “Walensiýa”, “Sewilýa” we “Arsenal” toparlaryny çykardy. Emeri Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen yzly-yzlyna 3 gezek Ýewropa ligasyny gazandy.

******

Italiýanyň “Atalanta” topary “Ýuwentus” toparyň dünýä belli derwezeçisi Jianluiji Buffona täze şertnama hödürlemekçi. 43 ýaşly Buffonyň özi entek geljegi barada karar bermeýär. Buffonyň “Ýuwentus” topary bilen şertnamasy iýun aýynda tamamlanýar. Buffon geljekde özüniň karýerasyny tamamlap biler ýa-da başga toparda karýerasyny dowam etdirip biler. “Sport-Express” saýtynyň habaryna görä, “Atalanta” topary Buffona bir ýyllyk şertnama hödürlemäge taýýar.

 

Döwletjan “Bellator”-da özüniň ilkinji tutluşygyna çykýar

 

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle