Gysga möhletli okuwa çagyrýar

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy üçin ad­mi­nist­ra­tiw-teh­ni­ki iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça okuw mer­ke­zi aşak­da­ky taý­ýar­lyk ugurla­ry bo­ýun­ça gys­ga möh­let­li (3 aý­lyk) okuw­la­ra ka­bul ed­ýän­di­gi­ni YG­LAN ED­ÝÄR.

  1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi aşakdaky ugurlar boýunça gysga wagtlaýyn (3 aýlyk) okuwlara diň­leýjileri kabul edýär:
  2. Diplomatik poçta we hat alşygy;
  3. Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi);
  4. Arhiw işi.
  5. Okuw merkezi diplomatik poçta we hat alşygy hem-de arhiw işi ugurlaryna — ýokary bilimi bolan, iş dolandyryjylyk ugruna — orta hünär bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny test görnüşindäki giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda, önümçilikden aýrylmak şerti bilen kabul edýär. Dalaşgärleriň tabşyrmaly resmi kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — ýokary (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 möçberde 6 (alty) sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Okap bilersiňiz  Bütindünýä banky boýunça dünýäniň ykdysady görkezijileri

Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary 2021-nji ýylyň 1 — 25-nji marty aralygynda institutda kabul edilýär. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edişlik Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler üçin hem Türkmenistanyň taryhy, iň­lis dili, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan diň­leýjilige kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan harby gullugy tamamlap gelenler peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Gal­ky­nyş kö­çe­si­niň 25-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 22-02-63; 22-68-45

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler