DÜNÝÄ

Gyrgyzystan we Özbegistan Garaşsyzlyk baýramyny belledi

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyz Respublikasy bilen Özbegistan Respublikasy özüniň baş baýramy – Garaşsyzlyk baýramyny belledi. 31-nji awgustda Gyrgyz Respublikasy, 1-nji sentýabrda bolsa, Özbegistan Respublikasy Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär.

GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Ýurduň paýtagty Bişkek şäherindäki “Ala-Too” merkezi meýdançasynda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary guraldy. Dabara ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow hem gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýöriş guraldy. Ýurduň goşun düzümleriniň köp bölegi bu harby ýörişe gatnaşdy. Umuman, harby ýörişe 2 müň adam gatnaşdy.

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Ýurduň paýtagty Daşkent şäherinde Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary guraldy. Baýramçylyk mynasybetli “Ýangi Özbegistan” seýilgähi ulanmaga berildi. Bu ýerde uly baýramçylyk konserti guraldy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş edip, öz halkyny ýurduň baş baýramy bilen gutlady.

Prezident Mirziýoýew öz çykyşynda 2017-2020-nji ýyllarda ýurduň ykdysady ösüş görkezijisiniň 18,3 göterime deň bolandygyny, jemi içerki önümiň möçberiniň 60 milliard dollara deňeçär bolandygyny, daşary söwda dolanyşygynyň 2016-njy ýylda 24 milliard dollara deň bolan bolsa, 2020-nji ýylda 36 milliard dollara çenli ýokarlanandygyny belledi.

 

Özbegistanyň Garaşsyzlyk gününe gutlag iberildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär