BIZNES

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mammethan Çakýew Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary – Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri Bakyt Torobaýew bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler geçirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň berýän habaryna görä, taraplar Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika, ulag, infrastruktura, oba hojalygy we söwda ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler, sebitde we halkara derejede netijeli logistika ulgamyny döretmek üçin uly mümkinçilige eýe bolan Hazaryň üsti bilen ýük akymynyň artdyrylmagynyň möhümdigini bellediler.

Şu nukdaýnazardan Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy ýa-da Ýewropa ýurtlarynyň ugry boýunça Alyat porty (Azerbaýjan) arkaly multimodal ýük daşamagy guramak meselesi göz öňünde tutulýar. Taraplaryň belleýşi ýaly, bu geçelgäniň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirip, sebitde haryt daşamak we Ýewropa eksport mümkinçilikleri giňelder.

Şeýle hem, Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary tarapyndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy maksady bilen, ulag we port hyzmatlarynyň ähli görnüşleri üçin has amatly nyrh mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-türk işewürler geňeşi geçirildi

Gümrükçiler üçin döwrebap bina

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmekde ygrarly

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar