DÜNÝÄ

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Russiýada saparda bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 20-21-nji fewralda Wladimir Putiniň çagyrmagy boýunça Russiýada saparda bolup, Tatarystanyň Kazan şäherinde geçiriljek “Geljegiň oýunlary” atly sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň daşary syýasat boýunça bölüm müdiri Muratbek Azymbakiýew habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Kazandaky “Geljegiň oýunlary” atly halkara ýaryş fijital-sport formatynda sport ýaryşlarynyň toplumyny emele getirip, dürli ýurtlardan 2000-e golaý türgen 260 toparda e-sport ulgamynda bäsleşerler.

Bu oýunlaryň açylyş dabarasynda döwlet Baştutanlary, öňdebaryjy halkara we jemgyýetçilik guramalaryň, IT-kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

Şeýle hem gyrgyz Lideri bu saparyň çäklerinde Wladimir Putin hem-de Rustam Minnihanow bilen ikiçäk gepleşikler geçirer. Onda rus-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri bilen bilelikde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we maýa goýum ulgamlaryndaky gatnaşyklar boýunça pikir alşylar.

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy