TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gyrgyz Respublikasy: Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaşymyz

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Turatbek Junuşaliýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň dolmagy mynasybetli ýerli metbugata beren beýanatynda Türkmenistany möhüm ykdysady hyzmatdaş hökmünde garaýandyklaryny belledi.

Hususan-da, Gyrgyzystanyň wekili Turatbek Junuşaliýew bu barada şeýle diýýär:

– Häzirki wagtda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginini we möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gyrgyz Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji alty aýynda 59,88 million amerikan dollaryndan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 esse ýokarlandy. Biziň ýurdumyz Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaş hökmünde garap, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň we geljekki mümkinçilikleriniň giň gerimlidigini aýtmak gerek. Türkmen tarapyndan gyrgyz harytlarynyň aýry-aýry görnüşleriniň, ilkinji nobatda, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň iberilmegine gyzyklanmalary görýäris. Gyrgyzystan bolsa Türkmenistan bilen söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil we himiýa senagaty, bilim, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň amaly taraplaryna gyzyklanma bildirýär. Türkmenistandan Gyrgyzystana tebigy gazy, nebit önümlerini we beýleki harytlary ibermekde hem möhüm ätiýaçlyklar bar. Türkmen döwletiniň üstaşyr mümkinçilikleri-de gyrgyz tarapynyň gyzyklanmasyna eýe. Umuman, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär we ony giňeltmek babatda durnukly meýiller bar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle