“Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Hosep Gwardiola ilkinji gezek bu toparyň tälimçiligini haçan goýjakdygy barada maglumat berdi. Ispaniýaly tälimçi 2023-nji ýylda “Mançester Siti” terk etjekdigini we milli ýygyndynyň tälimçisi boljakdygyny aýtdy.
50 ýaşly tälimçi Braziliýada ýaýlyma berilýän ESPN teleýaýlymyna beren beýanatynda 2022-23-nji ýyllaryň ahyrynda häzirki topary bilen baglaşylan şertnamasynyň möhletiniň tamamlanjakdygyny aýdyp, soňra dynç aljakdygyny mälim etdi.
2016-njy ýylda “Mançester Siti” toparyna gelen we iňlis topary bilen 3 gezek liganyň çempiony bolan Gwardiola: “Bu topar bilen 7 ýyl işlänimden soň, durmaly öýdýärin. Dynç alaryn we nämeleriň boljakdygyny görerin. Ýagdaýa baglylykda Günorta Amerikada Ýewropada ýa-da Kopa Amerikada oýnaýan topara tälim berip bilerin. Muny başdan geçirmek isleýärin” diýip belledi.
Mundan ozal, “Bawariýa” we “Barselona” toparlaryna tälim berip, bu toparlar bilen 3 gezek çempionatyň çempiony bolan Pep Gwardiola, 2012-nji ýylda “Barselona” toparynyň tälimçiligini taşlandan soňra bir ýyl dynç aldy we soňra “Bawariýa” toparyna tälimçi boldy.
Gwardiola “Barselona” toparynda futbol oýnan döwründe 6 gezek liganyň çempiony bolupdy.