TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gwardiola şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Ispan tälimçisi 2025-nji ýyla çenli iňlis toparyna tälim berer.

Şertnama gol çekişenden soňra beýanat bilen çykyş eden Gwardiola maňa ynam bildirýändigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirýärin. Bu toparda özüni rahat duýýandygyny mälim eden Gwardiola toparyň öňümizdäki 10 ýyldaky geljeginiň has gowy boljakdygyna ynam bildirdi.

Iňlis toparynyň ýolbaşçysy Haldun Al Mubarak Gwardiola bilen şertnamanyň möhletiniň uzadylmagyna uly kanagatlanma bildirendigini mälim etdi.

2016-njy ýylda “Mançester Siti” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenen 51 ýaşyndaky Gwardiola bu topary bilen 374 duşuşygyň 271-inde ýeňiş gazandy we 72,4 göterim ýeňiş gazanmak üstünligine eýe boldy.

Gwardiolanyň döwründe iňlis topary 4 gezek Angliýanyň çempiony boldy we 11 kubogyň eýesi boldy. Toparyň esasy gazanmak isleýän kubogy hem Çempionlar ligasynyň kubogydyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle