Güýz ýapraklaryndan diwar bezegleri

Parahatçylygyň, asudalygyň we sazlaşygyň möwsümi bolan güýz paslynyň durmuşymyza doly ornaşmagy ynsana täzeçe ruhy lezzet berýär . Öz reňk palitrasy bilen gelýän güýz ýapraklary bilen, öýleriňize dürli bezegler bilen käbir üýtgeşmeler girizip bilersiňiz. Bu makalada güýzüň tebigy habarçylary bolan dökülen ýapraklary öý bezeginde nädip ulanyp boljakdygyny size ýetirýäris. Güýz paslynda güýz ýapraklarynyň dürli görnüşlerini toplap olardan dürli ajaýyp öý bezeglerini döredip bolar. Esasan hem diwar bezeglerini, gapyň daş tarapyndan asylýan gelşikli asmaçlar ýaly dürli ideýalarda bezegleri döretmek mümkinçiligini  berýär. Aslynda güýz ýapraklary küýzegärçilikde hem dürli tabaklara bezeg bermekde  ulanyp bolýar.

Güýzüň gelmegi we möwsümleýin üýtgemeler sebäpli dökülýän ýapraklar aşa duýgur bolýarlar. Kitabyň arasynda ýaşyl ýapragy guradanyňdan, uzak wagtlap saklamak üçin gün şöhlesi bilen guradylan  ýapraklar hasda täsirli we owadan reňkde bolýar.

Aslynda ýapraklary çalt guratýan ýelim  ýa-da çotga bilen laklap  güýçlendirip bilersiňiz. Şeýlelikde, ýapragyň tebigy reňkini saklamaga kömek edýär.

Altyn ýapraklardan gapylaryň bezeg işleri.

Öz ýaşaýan öýüňiziň sizi we myhmanlary mähirli garşy almagy üçin şeýle bezeg işler bilen meşgullanmak örän täsirlidir. Ilki bilen öz stiliňiziň bir bölegini görkezmek isleseňiz, gapynyň daşky bezegini düzüp bilersiňiz. Isleseňiz, güýz ýapraklaryny uly ýa-da kiçi  dürli reňk geçişlerine görä tegelek köpük görnüşinde agaç çarçuwada güýçli ýelim bilen ýelmeşdirip, öz bezegiňizi düzüp bilersiňiz.

Myratdurdyýew Serdar

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary giňeldildi

 

ÝENE-DE OKAŇ

8-nji Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. 2021-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda özara peýdaly söwda gatnaşyklarynyň täsiri bilen birlikde ykdysady gatnaşyklary we has ýaşyl ösüş strategiýalaryny diwersifikasiýa etmek üçin özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy. Hytaý metbugatynda bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary soňky 20 ýylda yzygiderli ösýär. Diňe 2020-nji ýylda Hytaýdan Merkezi Aziýanyň bäş...
Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiň Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça (COP26) halkara maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan onlaýn duşuşykda bellenilip geçildi. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň web sahypasynda bellenilip geçilýär. Türkmenistan Hökümetiniň daşky gurşaw we howany goramak taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny goldamak babatda geçirilen onlaýn duşuşykda...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp...
UEFA-nyň Çempionlar Ligasynyö 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary uly hasaply netijeler bilen tamamlandy. "Real", "Mançester Siti", "Sporting" hem-de "Aýaks" toparlary garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardy. Bu tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biri Ispaniýada oýnaldy. Ispaniýanyň "Atletiko Madrid" topary bilen Angliýanyň "Liwerpul" toparynyň arasyndaky duşuşyk örän çekeleşikli boldy. Nitejede, "Liwerpul" topary Mohammed Salahyň 2, Nabi Keitanyň 1 goly bilen garşydaşyny 3:2 hasabynda ýeňdi. "Atletiko...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Ykballara täsir...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
888FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar