TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Güýjüni Günden alýar

Göz öňüne getiriň! Şeýle bir robot bar. Ol ― «daýhan» robot. Özi hem Gün energiýasy bilen işleýär. Okaraňy getir, süýt bereýin atly meşhur möjejigiň ady dakylan ekerançylyk roboty 1 million dollarlyk serişde bilen işlenip düzüldi.

Bu robot juda «işeňňir». Ony meýdanada goýberdiňmi, ekine zyýan berijiler, degip biljek ýa-da azda-kände degen keseller, ýabany otlar we hasylyň wagty barada maglumatlary ondan soraber. Ählisine jogap berer.

Robot özüni özi dolandyrýar. Lazer şöhleleri bilen işleýär. Üstüne ýerleşdirilen ýokary hilli sensorlaryň we ýöriteleşdirilen kameralaryň üsti bilen toplan maglumatyny önüm öndürijä ýetirýär. Awstraliýada ysmanak we sogan ýetişdirilýän ýerlerde synag edilen robot «başranygyny» ykrar etdirdi. Sidneý uniwersitetiniň professory Salah Sukkariçiň aýtmagyna görä, ol has uly meýdanlarda işlemäge ýöriteleşdirilendir. Güýjüni bolsa Günden alýar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle