SIZDEN GELENLER

Guwandyryjy görkezijiler ykdysady ösüşiň buşlukçysy

Garaşsyz döwletimiziň  ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýär, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, ýeňil hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Düzüminde tebigy gazy çykarýan we ony gaýtadan işleýän pudaklary bolup, üstünlikli hereket edýän gaz senagaty biziň üçin möhüm ulgam bolmagynda galýar.

Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy ileri tutulýan taslamalardyr. Bu sebitleýin taslamalaryň örän uly geljegi bolup, olaryň amala aşyrylmagy bilen, energiýa akymlary üçin täze strategik ugur açylýar.

Gazy gaýtadan işleýän pudakda esasy üns berilýän ugur tebigy gazy has çuňňur we giňişleýin gaýtadan işlemekdir. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda önümçilige gönükdirilen innowasion taslamalary we ulag-infrastruktura desgalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär.

Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagaty bolup, onuň kärhanalary mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­rar ka­bul edil­di.

Bu Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn bäş ýyl­da hi­mi­ýa yl­my­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­mek ba­bat­da yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mek, önüm­çi­li­ge yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­gyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek bi­len, yl­myň, bi­li­miň hem-de önüm­çi­li­giň ýa­kyn öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek hem-de «ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň» esa­syn­da se­na­gat suw­la­ry­ny we önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry­ny aras­sa­la­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek, çig ma­ly hem-de ula­nyl­ýan se­riş­de­le­ri tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we ýer­li çig mal­dan dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­me­giň yl­my esas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Öň­de goý­lan we­zi­pe­ler bi­len bag­ly­lyk­da, ze­hin­li alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni, in­že­ner-teh­no­log­la­ry, hä­zir­ki za­man hi­mi­ýa yl­my ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, şeý­le hem ýa­kyn­da­ky we uzak­da­ky da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş yl­my eda­ra­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­lar.

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy özüniň önümçilik ugurlaryny giň gerimlerde ösdürdi. Onda nebit çig malyndan dürli ýangyç we çalgy ýaglaryny öndürýän zawodlar bilen birlikde tebigy ýod çig malyny gaýtadan işlemek, polietileni we polipropileni öndürýän zawodlar döredildi. Zawodlar toplumynyň öndürýän bu ýokary hilli önümleri dünýä bazarlarynda geçginli harytlara öwrüldi. Şeýle-de, soňky ýyllaryň dowamynda polietilen we polipropilen önümlerini tebigy gazdan almak tehnologiýasy üstünlikli ýola goýuldy. Muňa Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň çäginde gurlan polimer zawodyny mysal getirmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Munuň özi ýurdumyza gazy tebigy görnüşinde diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak bilen bir hatarda ondan gaýtadan işlenen senagat önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Öňde agzalan polimer zawodynda tebigy gazdan polietilen we polipropilen gerdejikleri öndürilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ugradylýar.

Selbi Hanmämmedowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Nebitgaz – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Raýatlaryň saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy

Garaşsyzlyk ― ganatymyz, bagtymyz

Garaşsyzlyk-bagtymyz

“Garaṣsyzlyk-parahatlyk binýady” atly sergi geçirildi

Garaşsyz Türkmenistanyň üstünliklere beslenýän daşary syýasaty