TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Guterreş: ulag pudagyny özalky ösüşine getirmek üçin bilelikde işlemeli

Ulaglaryň arabaglanyşygy ýurtlarymyzyň geljegi üçin, hususan-da söwdanyň bahasyny azaltmak we dünýä bazarlaryna elýeterliligi gowulandyrmak, ykdysadyýetleriň we adamlaryň birleşmegini öňe sürmek we Durnukly ösüş maksatlaryn ýetmek üçin möhümdir – diýlip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Awaza kongresler merkezinde geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň gatnaşyjylaryna iberen wideoýüzlenmesinde bellenilip geçilýär.

Guterreş özüniň wideoýüzlenmesinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag arabaglanyşygyny kämilleşdirmek üçin birnäçe bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny belläp, serhet geçelgeleriniň köp bolmagy, çylşyrymly ulag we serhet proseduralary, pandemiýa tarapyndan girizilen çäklendirmeler çykdajylaryň köp bolmagyna getirendigini belledi.

Guterreş ulag pudagyndaky ösüşi öňki durkuna getirmek üçin bilelikde işlemegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin ýol kartasynyň işlenip düzülmeginiň möhümdigini belledi.

Awazadaky halkara forumyň çäklerinde geçirilen plenar mejlislerde edilen çykyşlarda ykdysady we söwda ulgamlaryndaky ösüşlerde ulag ulgamynyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Foruma gatnaşmaga gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suhail Al Mazroui BAA-niň deňze çykalgamasy bolmadyk ýurt däldigini belläp, bu foruma deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda pikir alyşmak hem-de özara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda geljekde tagallalar barada maslahatlaşmak üçin gelendiklerini belledi.

BAE-niň ministri öz ýurdunyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin infrastruktura babatda dürli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny belledi.

Hytaýyň ulag ministri Li Siaopeng bolsa öz çykyşynda, Hytaýyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda amala aşyrýan maýa goýumlarynyň birnäçe milliard dollara barabar bolandygyny belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow we Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrahim hem öz çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň beýleki sebitler bilen ulag ulgamynda halkara ulag geçelgelerini döretmek üçin birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle