TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Guşgy çigildemi – Bathyz gözelligi

Bizi gurşap alan dünýämizde janly-jandarlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Olaryň ählisi ýaşaýyş durmuşynda tebigy taýdan aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olaryň her biriniň tebigatda tutýan orny örän uludyr.

Eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary içgin öwrenmek, baýlaşdyrmak we geljekki nesillere miras galdyrmak boýunça döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döredilen goraghanalar bolsa şeýle alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Türkmenistan Diýarymyzyň günorta çäklerinde 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda döredilen Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda ösümlikleriň we haýwanlaryň dürli görnüşleri bardyr. Häzirki wagtda 870,7 gektar ýeri eýeleýän bu goraghanada oňurgaly haýwanlaryň 340-dan gowrak görnüşi, şol sanda süýdemdirijileriň 42, guşlaryň 250-den gowrak, süýrenijileriň 40, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 3, ösümlikleriň 1050 görnüşi bardyr.

Özüniň garamagynda Çemenebit, Pulhatyn we Gyzyljar çäkli goraghanalary bolan Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda ösýän ajaýyp ösümlikleriň biri Guşgy çigildemidir. Ýer ýüzünde çigildemleriň 140-a golaý görnüşi bardyr.

Özüniň tebigata berýän gözelligi bilen meşhur bolan Guşgy çigildemi Liliýalar maşgalasyna degişlidir. Ol boýy 15-40 santimetr, köpýyllyk otjumak görnüşli, soganlygy bolan ösümlikdir. Guşgy çigildemi Bathyzyň we Garabiliň endemigi hasaplanýar. Onuň gülleri ýekeleýinden uly, ýiti gyzyl reňkli, düýbi solak-sary, gaýmaly gara tegmillidir. Miwesi bolsa süýri, gozajyk şekilindedir.

Guşgy çigildemiň ýapraklary barada aýdanymyzda bolsa, olar orak şekilinde, gyralary sähelçe tolkunly, aşaky ujy çowly bolýar.

Bu ösümlik esasan tohumyndan, seýrek ýagdaýlarda bolsa wegatatiw usul bilen köpelýär. Onuň gögeren düýpleri 6-8 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. Bu çigildem mart-aprel aýlarynda  gülleýär we maý aýynyň ahyrlarynda miweleýär.

Guşgy çigildemi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Aşyrowa Aýgül

S.A.Nyýazow adynday TOHU-nyň talyby

 

“Hummel” markasy barada maglumat

 

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle