TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Guşa çalymdaş täsin gül – Magnoliýa

Belli bolşy ýaly, daş-töweregimizi gurşap alýan floramyzyň bir bölegi bolan Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan güller özüniň daşky şekili boýunça dürli jandarlary ýa-da haýsy-da bolsa birzady ýadyňa salmak bilen, köpleriň ünsüni özüne çekýär hem-de täsinligi bilen haýran galdyrýar. Şeýle görnüşleriň biri-de magnoliýa agajydyr. Onuň gelip çykan merkezi Hytaýdyr. Dürli sebitlerde aromadendron, dugandiodendron, talauma ýaly atlar bilen tanalýan magnoliýa agajyny ýerli halk “çigildem agajy” diýip atlandyrylyp, tämizligiň, päkligiň nyşany hasaplanylýar. Paleogeografiki gözlegleriň netijesinde bu gülüň taryhynyň örän gadymydygy hem-de ýabany görnüşleriniň Ýewraziýanyň territoriýasynda ösendigi ýüze çykaryldy. Irki döwürde magnoliýa patyşa köşkleriniň hem aýratyn bezegi bolupdyr. Gülüň esasy täsin tarapy-da entek açylmadyk gunçalarynyň guşuň şekiline çalymdaş bolmagydyr. Golaýyna baryp siňe seretmeseň, ony guşdan tapawutlandyryp hem bolmaýar. Ýekeleýin ýerleşen örän ýakymly ysly gülleri köp ýaruslydyr, 6-dan 12-ä çenli aralykda bolan gül ýapraklary 2-4 aýlawly görnüşde ýerleşýär. Gülgüne reňkli owadan gülleriniň merkezinde ananasyň şekilini ýada salýan ýygnanan ýapraklary – miweligi ýerleşýär. Ýapraklarynyň daşky formasy ellips görnüşindedir. Häzirki wagtda magnoliýanyň ýer ýüzünde 240 töweregi görnüşi bellidir. Bu görnüşler hem esasan Ýaponiýa, Koreýa, Hytaý, Günorta Amerika ýaly ýurlarda köçedir-ýodalarda, seýilgählerde, dürli maksatly binalaryň töwereginde bezeg hem-de saýaly agaç hökmünde ösdürilýär. Owadan hem-de ýakymly ysly gülleri mör-möjekler, aýratyn-da bal arylar üçin hem özüne çekijidir.

Hamra Ýuldaşew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýewro-2020 finaly: Italiýa – Angliýa

 

 

Ýene-de okaň

Ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti uludyr

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Teswirle