TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gurluşygynyň ajaýyplygy bilen tapawutlanan: Estetiki merkezi

Şu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde paýtagtymyz Aşgabadyň gözellgine görk goşýan ajaýyp binalaryň birine öwrülen lukmançylyk desgasy  – Estetiki merkezi ulanmaga berildi.

Häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şeýle hem dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

ESTETIKI TAÝDAN HYZMAT ETJEK DÖWREBAP DESGA

Paýtagtymyzyň Aşgabadyň köp sanly lukmançylyk desgalaryny özünde jemleýän bölegine gurlan daşky dizaýny boýunça hemmeleri haýrana goýýan bu merkez raýatlarymyza gözellik we estetiki taýdan ähli gurular boýunça ýokary hilli kosmetologiýa hyzmatlaryny etmek üçin zerur şertler bilen üpjün edildi.

  • Bu merkezde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary oturdyldy.
  • Estetiki merkeziň bölümlerinde ynsan bedeniniň gözelligi üçin sagaldyş we bejeriş hyzmatlary, bedeniň agramyny sazlamak boýunça bejergi işleri geçiriler.
  • Owkalamak, rahatlandyryjy, sagaldyş we beýleki lukmançylyk emleri ediler.
  • Merkeziň estetiki kosmetologiýa bölüminde kosmetiki arassalamak, gözellik emleri, ýüzüňi owkalamak, lazer bilen ýaşartmak emleri ediler.
  • Gözellik we sagaldyş bölüminde adam bedenini gözelligi üçin bejeriş-sagaldyş işleri ediler.
  • Dürli gözellik we kosmetiki serişdeler we gurallar bolan dermanhana hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz hem-de daşary ýurtly lukmanlar merkeziň bölümlerini aýlanyp gördüler hem-de olarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

HALKARA GÜWÄNAMALARY GOWŞURYLDY

  • Awstriýanyň Estetiki lukmançylyk bileleşigi Aşgabadyň Estetiki merkezine hil taýdan ýokary we aýratyn tapawutlanan güwänamany we sylagy gowşurdy.
  • Şweýariýa Konfederasiýasynyň Lýusern uniwersiteti tarapyndan Aşgabadyň Estetiki merkezine deňi-taýy bolmadyk dizaýny üçin taslamanyň gurluşygynyň ajaýyplygy üçin güwänamasy we sylagy gowşuryldy.
  • “MC” Estetiki Klinikalary tarapyndan Aşgabadyň Estetiki merkezine iň gowy enjamlaşdyrylandygy hem-de innowasion tehnologiýaly merkez hökmünde güwänamasy we sylagy gowşuryldy.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle