JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 3 ýyl doldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy. Onda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyklar, gaznanyň işini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigi barada aýdyldy. Şol bir wagtyň özünde, gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçen heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen gutlap, häzirki döwürde merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, olaryň doly derejede sagalmaklary ugrunda amala aşyrylýan bejergi işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de M.Öküzowa gaznanyň hasabyna operasiýa edilen çagalara merkezde operasiýadan soňky geçirilýän bejergi işleri, olaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde degişli bejergi we dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler bar. Lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, M.Öküzowa lukmanlaryň bir toparynyň Awstriýa Respublikasyna gidip, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçjekdiklerini habar berdi.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri