TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Eýranyň “Traktor” toparynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparyň ýolbaşçy düzüminden özüni baş tälimçi wezipesinden boşatmagyny sorady. Ol muňa sebäp hökmünde rus futbolyna dolanyp barmagy maksat edinýändigini görkezdi. Bu barada “Traktor” toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

– Soňky günlerde meniň rus futbolyna dolanyp barmagym bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykdy. Russiýanyň topary bilen çynlakaý gepleşikler geçirildi. Men resmi taýdan “Traktor” ýolbaşçylygyndan baş tälimçi wezipesinden boşatmagyny soradym. “Traktorda” bolmagym janköýerler, toparyň agzalary we eýran halky bilen has gowy tanyşmaga mümkinçilik berdi, bu dostlugyň soňlanmagy aňsat däl – diýip, toparyň metbugat gullugy Berdiýewiň beýanatyna esaslanyp mälim edýär. 

Şu ýylyň iýun aýynda Berdiýew “Traktor” toparynyň baş tälimçisi we tehniki direktory wezipesine bellendi. Onuň tälimçiliginde topar 11 duşuşyk geçirip, 4 duşuşykda ýeňiş gazanyp, dördünsinde utuldy we 3 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

“Traktor” topary 15 utuk bilen Eýranyň çempionatynda 7-nji orunda barýar.

70 ýaşyndaky Gurban Berdiýew 2021-2022-nji ýyllarda Gazagystanyň “Kaýrat” toparyna tälim berdi. 2001-2003-nji we 2017-2019-njy ýyllarda ol Tatarystanyň “Rubin” toparyna tälim berip, bu topar bilen 2 gezek Russiýanyň çempiony, bir gezek Russiýanyň Kubogyny we 2 gezek Superkubogyny gazandy.

Şeýle hem Gurban Berdiýew 2015-2016-njy möwsümde “Rostow” topary bilen Russiýada kümüş medalyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle