JEMGYÝET

Gurban baýramyny maşgala agzalary bilen bellemek maslahat berilýär

Ýurdumyzyň raýatlaryna Gurban baýramyny öz maşgala agzalary bilen bellemek maslahat berilýär. Bu barada ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda wideoşekilli görnüşler görkezildi.

Şol wideoşekillerde şeýle bellenilip geçilipdir.

  • Eziz watandaşlar, mälim bolşy ýaly, türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes sene hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň, agzybirligiň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, her bir maşgalanyň bu baýramçylygy öz öýünde geçirmegini maslahat berýäris. 

Gurban baýramyny maşgala agzalarymyzyň arasynda bellemekligiň saglygymyzy goramakda esasy şert bolup durýandygyny unutmalyň.

Çünki, biziň we maşgalamyzyň saglygy bagtyýar günlerimize badalgadyr.

Ýurdumyzda Gurban baýramy 3 gün bellenýär. Şu ýylyň 20-21-22-nji iýulynda bu baýramçylyk ýurdumyzda bellenilip geçilýär.

 

Ärdogan milli Liderimizi Gurban baýramy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýä sapary

Ata Watan Eserleri

Eýranda 3-nji Hazar ykdysady forumy geçirildi

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellendi