TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Guradylan kiwiniň peýdalary

Adaty kiwi 83% suwly iýmit bolup, bu miwe  sagdyn we lezzetli iýmitleriň biri hasaplanýar. Guradyýan döwründe kiwi dilimleri agramynyň we suwunyň köp bölegini ýitirýändigi sebäpli, 6-7 kilogram täze kiwifrutdan 1 kilogram guradylan kiwi alyp bolýar.

Guratmak prosesinde esasan kiwiniň özeni galýar. Diýmek, guradylan kiwi uglewodlar, beloklar we ýaglar ýaly ýokumlylygy saklaýar. Şeýle hem bu ýokumly maddalaryň guradylan kiwide has köpelýändigini bellemelidiris. Guradylan kiwini islegiňize  görä dürli desertlerde guradylan kiwi ulanyp bilersiňiz. Esasanam bu iýmit şeker balansyňyzy biler.

Guradylan kiwiniň peýdalary:

Witaminleriň köp bolmagy bilen guradylan kiwi immunitet ulgamyna uly täsir edýär. Beýleki  miweler ýaly immunitetini güýçlendirýär. Guradylan kiwi, dem gysýanlar üçin hem peýdalydygy mälimdir. Şol sebäpli guradylan kiwi demgysma näsaglary üçin rahatlandyryjy täsir edýär. Guradylan kiwi tebigy antioksidant bolup, bagryň işlemegini aňsatlaşdyrýar. Gandaky holesteriniň gatnaşygyny deňleşdirmäge kömek edýän bu süýji guradylan miwe, ganyň arassalanmagyny hem goldaýar.

Rozyýewa Ýulduz

TOHU-nyň  talyby

Birža täzelikleri: gyrgyz işewürleri float aýna satyn aldy

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Teswirle