TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Günüň dogýan ýurdy» indi IMO-da

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan paýlaşylýan habarlar, ýapon medeniýeti we edim-gylymlary baradaky baý maglumatlar indi IMO programmasynyň giňişliklerine hem ýaýrady.

Ilçihana öz resmi saýtynda ýakynda resmi IMO hasabynyň açylandygyny habar berdi. Hasaba +99362264931 telefon belgisi bilen birikdirilip bolýar.

Ilçihana görkezilen telefon belgisiniň diňe IMO üçin ulanylýandygyny, ony ulanýan ilçihananyň işgäri bilen habarlaşyp bolmaýandygyny habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle