Günorta koreýaly futbolça bagyşlanan film

Angliýanyň “Tottenhem” futbol toparynyň tälimçilik wezipesine Žoze Mourinýo bellenenden soňra, günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Miniň futbol karýerasyny ösüşlere tarap ugur aldy. Häzirki wagtda dowam edip duran Angliýanyň Premýer-liga çempionatynda Son, jemi 18 oýuna çykyp 8 gezek ýardam pasyny we 12 gezek gol geçirmegi başardy. Bu günorta koreýaly oýunçy babatda “Amazon Prime Video” gullugy “Sonsational” atly dokumental filmi çykardy. Şeýle hem bu wideo gullugy geçen ýyl “All or nothing” atly filminde “Tottenhem” toparyny ekrana çykaryp, bu ýyl bolsa täze günorta koreýaly oýunçynyň durmuşy hakda çykaran filmi bilen “Premýer-liga” çempionaty arasyndaky hyzmatdaşlygyny has hem ýakynlaşdyrýar.

Bu dokumental filmde Sonyň topar ýoldaşlary Hugo Lloris, Garri Keýn, öňki tälimçisi Maurisio Poçettino, şeýle hem “Premýer-liga” çempionatynyň taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrmagy başardan fransiýaly Týeri Anri görkezilýär. Premýer-liganyň taryhynda umumy 50 gol geçiren ilkinji we ýeke-täk aziýaly futbolçy Son Hyn Min hakda dokumental filmi Pak Çon Hun düşürýär. Pak Çon Hun günorta koreýada esasy ýaşlar filminde operatorçylyk edýär.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň onlaýn duşuşygyna gatnaşar

Hüjümçi Son Hyn Miniň “Tottenhem” futbol topary bilen baglaşan şertnamasy 2023-nji ýylda tamamlanýar. Oýunçynyň geçiren gowy we netijeli oýunlary üçin toparyň ýolbaşçysy Deniel Lewi, oýunçyny sylaglandyrmak isleýär. Son toparda alýan möwsümlik zähmet haky 8 million ýewro töweregi bolup durýar. Indi bolsa oýunçy 12,5 million ýewro gazanar. Bu diýmek oýunçynyň alýan zähmet haky 35% göterim ýokarlanmagy bolýar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!