Magtymguly Pyragy türkmeniň görnükli akyldary, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biridir. Beýik türkmen şahyrynyň watançylygy, mertlik, geçirimlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, rehimdarlyk, myhmansöýerlik häsiýetleri baradaky goşgulary terbiýeçilik mekdebidir. Şahyr Watan, watansöýüjilik baradaky düşünjäni has-da belende göterýär. Onuň çuň many-mazmuna, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiliginiň içinden watançylyk duýgulary eriş-argaç bolup geçýär.
Gahryman Arkadagymyz beýik şahyryň döredijiligine aýratyn sarpa goýýar. 2014-nji ýyl ýurdumyzda «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi, «Magtymguly Pyragy» medaly döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, yzygiderli aladalary bilen şahyrymyzyň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçiler. Şeýle hem Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň kararyna laýyklykda şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli «2024-nji ýyl — Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa tutuş türki halklaryň Magtymguly Pyraga goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaralandyrmak hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp, daşary ýurtlarda hem dürli çäreler guralýar. Golaýda ABŞ-da Magtymguly Pyraga bagyşlanyp edebiýat agşamy geçirilen bolsa, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda ýerleşýän «Uly howly» taryhy ýadygärliginiň çägindäki türkmen-özbek Dostluk öýünde «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostluk köprüsi» ady bilen halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Magtymguly Pyragy barada müňlerçe makala ýazyldy. Onuň döredijiligine bagyşlanan ylmy işler hem sanardan köpdür. Täze portalda bu işler we täze ylmy gözlegleriň netijeleri bilen tanyşmak üçin hem ýörite penjire bar. Onuň işe girizilmegi bilen, magtymguluşynaslar, akyldar şahyryň döredijiligine sarpa goýýan ähli okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma boljakdygy ikuçsuzdyr.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmek nesilleriň öňünde duran wajyp meseledir. Şahyryň edebi mirasynyň ylmy nukdaýnazardan öwrenilmegi üçin hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikler döredýär. Şonuň netijesinde, bu günki gün beýik söz ussadynyň edebi mirasy umumadamzat ahlak gymmatlyklarynyň — Watanymyzy we halkymyzy çäksiz söýmegiň, dostlugyň we wepalylygyň, ar-namysyň we belent mertebäniň senasy bolup ýaňlanýar.
Aýgözel Ýarmämmedowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.