TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­rynyň belent sarpasy

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan eser­le­ri hal­kyň kal­byn­da he­mi­şe­lik orun al­dy. Da­na Py­ra­gy­nyň çoh ga­ra­şan aja­ýyp eý­ýa­my Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ha­syl bol­dy.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň: «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry bi­len yn­san kal­byn­da ba­ky orun al­dy. Da­na Py­ra­gy­nyň yn­san­per­wer­li­gi, ha­lal­ly­gy, ag­zy­bir­li­gi ün­de­ýän eser­le­ri äh­li adam­zat üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­dyr» di­ýip, bel­leý­şi ýa­ly, akyl­dar şa­hy­ryň dür­dä­ne goş­gu­la­ryn­da öňe sü­rül­ýän paý­has­ly pi­kir­ler äh­li halk­lar üçin wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň nus­ga­lyk mek­de­bi­dir.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz döw­rün­de yl­myň we bi­li­miň kä­mil esas­la­ry­ny çuň­ňur öw­re­nen, öz dö­re­di­ji­li­gin­de giň­den şöh­le­len­di­ren akyl­dar şa­hyr­dyr. Ol Gün­do­ga­ryň meş­hur da­na­la­ry Fa­ra­by­nyň, Bi­ru­ni­niň, Ibn Si­na­nyň, Mu­ham­met al-Ho­rez­mi­niň, Omar Haý­ýa­myň, Fir­döw­si­niň, Ny­za­my­nyň, Sag­dy­nyň, Ha­fy­zyň, Ja­my­nyň, No­wa­ýy­nyň, Fi­zu­ly­nyň, Ne­si­mi­niň, Na­gyş­ben­di­niň, Ba­ýe­zit Bis­ta­my­nyň, Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy­nyň we beý­le­ki meş­hur pel­se­pe­çi­le­riň dö­re­di­ji­ligi bi­len iç­gin ta­n­şyp­dyr, ola­ryň ylym­la­ry­ny çuň­ňur öz­leş­di­rip­dir.

Meş­hur akyl­dar­la­ryň ede­bi mi­ra­sy­ny okan, öw­re­nen, öz­leş­di­ren da­na Py­ra­gy öz goş­gu­la­ryn­da yn­san üçin dur­muş­da Wa­tan­dan eziz, Wa­tan­dan uly mu­kad­des­li­giň ýok­du­gy­ny, Wa­ta­ny söý­me­giň her bir ada­myň iliň-gü­nüň öňün­dä­ki per­zent­lik bor­ju­dy­gy­ny nyg­tap­dyr. Hut şo­nuň üçin-de, öz dö­re­di­ji­li­gin­de wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, yn­san­per­wer­li­gi, ag­zy­bir­li­gi, ha­lal­ly­gy ün­dän akyl­dar şa­hy­ryň ede­bi mi­ra­syn­da Wa­ta­ny söý­mek, Wa­ta­na we­pa­ly bol­mak, Wa­tan üçin ha­ýyr­ly iş­le­ri ama­la aşyr­mak ha­kyn­da paý­has­ly pi­kir­ler aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär.

Akyl­dar şa­hy­ryň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ha­kyn­da­ky öwüt-ün­dew­le­ri mil­li ter­bi­ýe­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Wa­tan­sö­ýü­ji­lik ha­kyn­da­ky pi­kir­ler, öwüt-ne­si­hat­lar öz döw­rün­de wa­jyp bol­mak bi­len bir ha­tar­da he­mi­şe­lik ýö­rel­ge­den ugur al­ýar. Wa­tan ha­kyn­da­ky pi­kir­ler adam­za­dyň he­mi­şe­lik ýö­rel­ge­si­ne, yn­sa­nyň kal­by­nyň owa­zy­na öw­rül­ýär. Şa­hyr bu ug­ry te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri, mert­lik, ba­tyr­lyk bi­len hem be­ýan et­me­gi ba­şar­ypdyr.

Beýik akyldaryň döredijiligi gymmaty öçmeýän hazynadyr. Ol şygyrlar öz döwürdeşleri üçin ýiti ähmiýete eýe bolşy ýaly, şu günki nesiller üçin hem gymmatlydyr. Bu şygyrlaryň ruhy we terbiýeçilik taýdan täsir ediş güýji hem örän uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ynsanda päkize duýgularyň döräp, berk häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär. Akyldaryň pikirleri biziň dünýägaraýşymyzyň kämilleşmegine, raýdaşlyk, rehimlilik duýgularymyzyň ösmegine tasir edýär. Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwer pikirler durmuşyň manysy we maksady hakyndaky soraglara jogap tapmaga kömek edýär. Şahyr ýaşaýşyň manysyny ynsanyň eden işlerine, onuň özünden soňra goýan ýagşy adyna baglydygyny çeper beýan edýär. Şahyryň özünden ýagşy at, ýagşy yz goýmalydygy hakyndaky çagyryşlary ynsanyň durmuşa döredijilikli gatnaşykda bolmagy, okamagy, alymlara uýmagy, hünär öwrenip, zähmet çekmegi ýaly garaýyşlarynda beýanyny tapýar.

Çemen Akmyradowa, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bilim – kämillige ýol we üstünligiň açary

Magtymguly-ynsan köňlüniň çyragy

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Teswirle