SIZDEN GELENLER

Günden özüňizi goraň!

Gün şöhleleriniň deri üçin peýdaly taraplarynyň bolşy ýaly zyýanly taraplary hem bardyr. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Gün şöhlelerine garşy öňüni alyş işleri geçirilmedik ýagdaýynda bedenimiz deri kanserine hem-de güneş äýnekleri dakylmadyk ýagdaýda gözlerimiz katarakta sezewar bolýar. Şol sebäpden lukmanlar tomus paslynyň dowam edýän günlerinde sagat 10:00-dan öň we 16:00-dan soň daşary çykmagy maslahat berýärler. Eger şol wagtlarda daşary çykylan ýagdaýynda:

  • bedeniňize Günden goraýan kremleri çalmagy;
  • Günden goraýan äýnek dakmagy;
  • açyk ak reňkli eli we aýagy doly ýapýan eşik geýmegi;
  • başyňyza papak geýmegi ýa-da ýanyňyza saýawan almagy;
  • ýüzi, gulagy we boýny örtýän şarflary dakynmagy unutmaň.

Bulutly günlerde hem mümkin bolsa 15 SPF (iň azyndan 15 goraýyş faktorly) kremleri ulanyň. Güne çykyljak bolnanda iň azyndan ýarym sagat öň kremi bedeniňize gowy massaž edip siňdiriň. Eger bedeniňizde dürli gyzarmalar ýa-da başga üýtgeşmeler gören ýagdaýyňyzda hökman lukman bilen maslahatlaşyň.

Maýsa Ýagşygeldiýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty iberdi

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady