TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Gündelik derini bejermek tertibi

Derini ideg etmek, deriňizi yzygiderli arassalamak ýa-da köp önüm ulanmak diýmek däldir. Owadan deriniň syry sagdyn deriniň üsti bilendir. Diýmek, derini içerde we daşarda iýmitlendirmeli. Deriňize ideg etmek üçin özüňize ideg etmeli. Örän ýagly we zyýanly iýmitlerden gaça durmaly, her gün näçe gerek bolsa suw içmeli we kislotaly içgilerden uzak durmaly.

Derini ideg etmek hemmeler üçin üýtgeşik, ýöne bu hemmeler üçin düýbünden zerur. Ilki bilen deriňiziň görnüşine laýyk önümleri saýlamaly. Ýagly, gury ýa-da birleşýän deriniň gündelik işinde dürli önümler ulanylýar.

1-nji ädim: Tämizlemeli

Derini ideg etmegiň ilkinji ädimi derini arassalamakdyr. Bejergi almazdan ozal we gije ýatmazdan ozal deriňizi arassalamaly we dem almaga wagt bermeli. Derini arassalamagyň birnäçe basgançagy bar. Birinji ädim ýüzüňizdäki makiýažy aýyrmak we deriden ýagy arassalamakdyr. Ýüzüňizdäki makiýažlary aýyrmak üçin makiýaž aýyryjy süpürgiçlerini, süýt ýa-da suw ulanyp bilersiňiz. Makiýažyňyzy aýyranyňyzdan soň ýüzüňizi ýuwmak üçin köpük ýa-da (gel) ýuwujy önümleri ulanyp bilersiňiz. Arassalaýjyny eliňiz bilen ýüzüňize maşk edip, bu prosesi ýaýradyp bilersiňiz ýa-da makiýaž aýyrmak üçin pagtalary ulanyp bilersiňiz. Şeýlelik bilen, deriňizdäki makiýažyňyzdan ähli hapalary we ýaglary arassalap bilersiňiz.

Indi ýüzler arassalanansoň, ölen deriden dynmagyň wagty geldi. Şeýlelik bilen derimiz doly arassalanar. Munuň üçin “peeling” etmeli bolýar. “Peeling”-iň kömegi bilen derimizde galan ölen derileri, gözenekleriň arasynda galan kirleri we ýüzümizi ýuwanymyzdan soňam şol ýerde galmagy başarýan makiýaž galyndylaryny ýok edýäris. “Peeling”-dan soň deriňiz has ýagty bolar, dykylan gözenekleriňiz açylar we gara nokatlardan dynmak ugrundaky göreşiňiz has ýeňil bolar.

2-nji ädim: Gözenekleri çekdirmeli

Açylan gözenekleri gysmak, arassalanan ýüz üçin ýüzüň ideginiň ikinji basgançagydyr. Tonik ýa-da toner diýilýän önümler bu meseläni öz üstüne alar we deriňizi berkitmäge kömek eder. Deri görnüşi tonigi saýlamakda örän möhümdir. Derini guradýan önüm bolany üçin we deriňiz gaty duýgur bolsa, nädogry önümi ulanmak islän peýdanyňyza derek deriňizi gaharlandyryp biler. Deriňiz gury bolsa, ulanýan toneriňiz nemlendiriji bolmaly, ýagly deriňiz bar bolsa, toneriňiz ýagsyz bolmaly.

3-nji ädim: Iýmitlendirmeli

Derimiz arassa, berk we idegiň dowam etmegine taýyn. Derimizi ýaglaryndan we kirlerinden arassaladyk, indi oňa zerur peýdaly iýmit bermegiň wagty geldi. Munuň üçin öýjükleriň täzeleniş aýratynlyklary bolan ampulalary we serumlary ulanyp bileris we nemlendiriji maskalar bilen iýmitlendirmegi tamamlap bileris. Deriňizi zerurlyklaryna görä serumyňyzy saýlap bilersiňiz, şeýle hem “E” witamini ulanyp bilersiňiz.

4-nji ädim: Nemlendirmeli

Dördünji tapgyra geçeliň. Agşam ýatmazdan ozal derini ideg etseňiz, bu siziň üçin iň soňky ädim hasap edilip bilner. Bu ädim nemlendiriji. Gözüň töweregindäki deri has duýgur bolansoň, nemlendirijini gözüň meýdany we ýüzüň galan bölegi ýaly iki dürli usulda ýerine ýetireris we dürli materiallary ulanarys. Gözüňiziň töweregindäki ýerleri köşeşdirmek, berkitmek we ýagtylandyrmak üçin göz kremini we deriňiziň görnüşine laýyk gelýän nemlendiriji ulanyp bilersiňiz.

5-nji ädim: Goramaly

Soňky ädimimize geldik. Goramak! Günüň dowamynda deriňize ideg eden bolsaňyz we soňunda daşary çykjak bolsaňyz, deriňizi gün şöhlesinden goramaly. Ýüzüňizi tomusda we gyşda güne garşy kremler bilen zyýanly şöhlelerden gorap bilersiňiz.

16-njy fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle