TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gün-günden görk alýarsyň, sen Aşgabat!

Aşgabat – bu sözi indi her birimiziň ýüregimizde baky orun tutup, Watanymyzyň ösüşleriniň aýnasyna öwrüldi. Türkmen paýtagtymyzyň okgunly ösüşine seredip ýurduň ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ýetýän sepgitlerini görmek bolýar. Aslynda Aşgabat dostlugyň, bagtly ýaşaýşyň, halal zähmetiň, parahatçylygyň, asudalygyň, ylalaşdyryjylygyň, umuman aýdanyňda ähli türkmene mahsus oňat gylyk-häsiýetleriň nusgalyk şäheri hökmünde diňe bir biziň däl, eýsem bütin dünýäniň ykrar eden şäheridir.

Aşgabat şäheri ösen aň-bilimiň, milli we ruhy gymmatlyklaryň, döwrebap binagärlik sazlaşygynyň şäheridir. Gurulýan ýaşaýyş jaýlary, durmuş we medeni maksatly binalar, giň şaýollary, dynç alyş seýilgähleri, diňe bir halkymyzyň arzuw-isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, olarda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň ýokary hilliligi, milli binagärligiň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Aşgabatda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlaryny alyp görenimizde, olar tapgyrma-tapgyr gurlup, ilkinji nobatda türkmen maşgalasynyň arzuw islegini kanagatlandyryp gurulýar. Bu bolsa ýurt Baştutanymyzyň halk üçin edýän çäksiz aladalarynyň biridir. Sebäbi islendik bir bina gurlanda şol ýerde ýaşajak adamlaryň isleglerine, maşgala ýagdaýyna esaslanyp gurulmalydygyny hormatly Prezidentimiz yzygiderli belleýär. Şol maksat bilen paýtagtymyzda köp maşgalaly çagalar üçin ähli oňaýlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny bellemek gerekdir.

Aşgabat özüniň ösüş ýolunda dünýäniň ösen şäherleri bilen bäsleşýär. Sebäbi bu ýollar mähriban Prezidentimiziň döreden aýdyň ýollarydyr. Ol ýollarda ilki bilen adam bähbitleriniň ähli zatdan ileri tutulýan işlerini görmek bolýar. Paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi. Bu gurlan we gurulýan binalara seredeniňde halkymyzyň geçmişi, şöhratly taryhy we ajaýyp nurana geljegi göz öňünde janlanýar.

Dürli maksatly gurulýan binalaryň ilki bilen taslamalary ýerine ýetirilende ekologiýa talaplary ähli zatdan öňürti göz öňünde tutulýar. Tebigy howa şertlerine seredilýär. Binalar gurlanda bolsa daşy dürli baglar. Güller bilen bezelýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň dynç almaklary üçin birnäçe seýilgähler, dynç alyş merkezleri, teatrlar, muzeýler hemişe halkymyzyň hyzmatynda. Ynha, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän, ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylan “Altyn kölüň” açylyp, halkymyza ýetirilmegi ýatdan çykmajak waka boldy. Bu ýerde esasan çagalaryň we dürli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlary baryp dynç almaklary, tebigatyň ajaýyp gözelliklerinden lezzet almaklary üçin ajaýyp şertler döredildi. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjegi häzirki wagtda ajaýyp täze görnüşe eýe bolýar. Ol ýerde, sanly tehnologiýalaryň giňden ulanyljak, ýokary amatlyklaryň üpjün ediljek “Aşgabat siti” diýlip atlandyrylýan täze şäheriň hem-de “Altyn kölüň” çäklerinde ýaşaýyş maksatly binalaryň gurulmagyna garaşylýar.

Ähli halkymyz üçin buýsançly waka, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň toý-dabarasy ýetip gelýär. Aşgabat barada birnäçe goşgular, aýdymdyr-sazlar ýöne ýerden döremeýär. Ol eserlerde adamlaryň buýsanjyna öwrülen şähere bolan söýgüsiniň aýdyň nyşany görünýär. Nesip bolsa şäherimiz bilen bagly döredijilik bäsleşikleri, şygryýet agşamlary we medeni köpçülik çäreleri geçiriler. Bu senäniň biz aşgabatlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolup galmagynda häzirki günlerden uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

 

                                                                                Serdar Bekmämmedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

 

 

Aşgabatda abadanlaşdyryş işleri geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle