TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň 2022–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň çäginde döredilen bilelikdäki işçi toparyň birinji duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyk, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Iş duşuşygynyň maksady Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak. Hususan-da, gümrük maglumatlarynyň deslapky alyş-çalşygyny guramak, gümrük işgärleriniň hünär taýdan taýýarlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek ýaly meselelere seredildi. Taraplar, şeýle-de 2022-2025-nji ýyllar üçin gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna garadylar.

Rus tarapy, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda azyk önümlerini daşaýan ygtyýarly ykdysady operator (YYO) derejesine ýa-da töwekgelçiligiň pes derejesine eýe bolan türkmen we rus kompaniýalary üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi we çaltlaşdyrmagy göz öňünde tutýan resmihnamanyň taslamasyny teklip etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygy mündan beýläk hem ösdürmäge we berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle