TESWIRLER

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Doglan ýeri
Aşgabat şäheri.
Doglan senesi
1962-nji ýylyň 16-njy fewraly

Bilimi
1969-1979-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdepde,1980-1985-nji ýyllarda Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda (häzirki konserwatoriýa) okady
Bilimi boýunça hünäri: Opera solisti, mugallym. Ol türkmen, rus, italýan, türk, nemes dillerini bilýär.1985-2001-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda opera solisti, 2001-2007-nji ýyllarda  Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň estrada artistler toparynda ýokary derejeli aýdymçy, 2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary derejeli aýdymçy bolup işleýär.1993-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti»,1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly,2003-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medallary bilen sylaglandy.Gülnar Nuryýewa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Orazgylyç Gurbanýazowyň gyzy. Gülnaryň ýan ýoldaşy Türkmenistanyň halk artisti Myratgeldi Baýramgeldiýew. Bularyň maşgalasynda iki ogul perzentleri bar.

1991-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaata şäherinde geçirilen halkara bäsleşiginde « Iň oňat halk aýdymy ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýraga mynasyp boldy. «Zöhre-Tahyr» operasynda Zöhräniň, «Keýmir kör» operasynda Näzliniň, «Şasenem-Garyp» operasynda Şasenemiň, «Leýli- Mejnun» operasynda Leýliniň,  «Magtymguly» operasynda Meňliniň, we başga-da ençeme baş keşpleri janlandyrdy. «Paýasy» operasynda Neddanyň  keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirendigi üçin «Iň oňat zenan keşbi üçin» atly ýörite baýraga iki gezek mynasyp boldy. «Jan Watan — Türkmenistan», «Galkyn Türkmenim», «Goý, aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy», «Goý, güllesin Garaşsyzlyk aýdymy», «Gel, Türkmenistana», «Agzybir ýurda, Diýara şöhrat» we başga-da ençeme aýdymlary bilen türkmen hem daşary ýurt sahnalarynda çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Ata Watan Eserleri

Dünýä deňelen düýäm

Ata Watan Eserleri