TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Güllerden görklidir türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda gol çeken Karary haly önümçiligini kämilleşdirmek we göwnejaý derejede ýola goýmak, milli önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak ugrunda edilen möhüm «ädim» boldy. Häzirki wagtda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň çeper elli halyçylary ajaýyp türkmen el halylaryny dokap, türkmen halkynyň örän baý ruhy-medeni mirasynyň gaýtalanmajak görnüşini dikeldýärler. Ýurdumyzyň halyçy gelin-gyzlary öz döredijilikli zähmet üstünlikleri bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň 25 ýyllygy üstünlikli garşylamak üçin jan aýaman zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir».

Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistanyň özboluşly keşbine öwrüldi.  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, milletimize mahsus bolan parasatlylygy, ajaýyplyklara bolan çäksiz islegleri alamatlandyrýar.

Türkmen halyçy zenanlarynyň gadymy döwürlerden bäri dünýä meşhurlygyna eýe bolan el halylary häzirki wagtda hem hemmeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň gözelligi hakynda gürrüň açýan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplaryň awtory bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu milli sungaty ösdürmäge, artdyrmaga berýän uly goldawdyr  şahsy goşandy netijesinde täze taryhy döwürde bu miras mynasyp dowamyna eýe bolýar.

Türkmen halkynyň taryhynda uly orun eýeleýän halyçylyk sungatynyň dowamaty dowam bolup, onuň şan-şöhraty has-da ýokary galýar. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmen halysynyň çig maly hökmünde diňe saryja goýunlarynyň ýazky gyrkymynyň ýüňünde işlenip taýýarlanýan has berk, maýyşgak, arassa ýüň ýüplük ulanylýar.

Haly dokamak, onuň hiliniň ýokary, reňk öwüşginleriniň ajaýyp bolmagy üçin boýaglary taýýarlamagyň hem öz syrlary bolupdyr. Ene-mamalarymyz asyrlaryň dowamynda ösümliklerden reňk almakda baý tejribe toplap, ýokary hilli owadan halylary dokapdyrlar.

Arkadag Prezidentimiz özüniň «Janly rowaýat» kitabynda: «Ine, şeýdip ýüň ýüplükler üýşmek ýüňden ybaratlygyndan ädimme-ädim ähli tapgyrlary geçip, älemgoşaryň bar öwüşginlerini alyp, çogdam ýagtylyk bolup, nagyşlara we keşdelere öwrülip, ajaýyp haly bolupdyr» diýip, ene-mamalarymyzyň yhlasyna, hünärine, zähmetine, olaryň döreden ajaýyp sungatyna uly hormat goýup, buýsanç bilen belläp geçýär.

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle