Gül suwy ýüz organymyzyň, öýjüklerini we bedenimiziň galan bölegini, ultramelewşe şöhleleriniň, mikroblaryň, himiki maddalaryň we beýleki fiziki hapalaýjy maddalaryň zyýanly täsirlerinden goraýar.Gül suwy, düzümindäki antioksidantlar sebäpli öýjükleri zeperlerden goraýar. Şol bir wagtyň özünde, çişme häsiýetleri sebäpli deriniň gijilewigini azaldyp biler. Ekzema we gül keseli üçin ulanylyp bilner. Bu meselede gül suwunyň peýdalary ylmy gözlegler bilen hem goldanýar.
Gül suwy elastaza we kollagenaz maddalaryna-da täsir edýär. Iki madda hem derä zeper ýetirýän we derini ýaşlaşdyrýan fermentlerdir.
Gül suwunyň deri üçin peýdalaryny aşakdaky ýaly jemläp bolar:
Derini rahatlandyrýar
Gyzarmaklygy peseldýär
Çyzyklary we ýygyrtlary aýyrmaga kömek edip, garramaga garşy täsirini görkezýär.
Şadyýewa Züleýha
TOHU-nyň mugallymy