TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Göz hakynda gyzykly maglumatlar

  • Dünýä ýüzünde gözüň reňkleri boýunça iň köp ýaýrany goňur reňkli gözlerdir. Ýer ýüzüniň 55% ilaty goňur gözli diýip hasaplanylýar.
  • Adamyň bedeninde iň çalt işleýän myşsa gözdür.
  • Kör adamlar düýş görüp bilýärler, eger-de olar dogabitdi kör däl bolan ýagdaýynda.
  • Itler ýaşyl bilen gyzyl reňkiň tapawudyny saýgaryp bilmeýärler.
  • Gözleri açyk duran halatynda asgyrmaklyk mümkin däldir.
  • Täze doglan çagalar aglanlarynda  gözlerinden ýaş dökülmeýär. Olar 6 hepdelik bolanlaryndan soň gözi ýaşly aglap başlaýarlar.
  • Haçanda kompýuteriň ekranyna sagatlarça seredilip ýa-da okalanda gözler ýadaýar. Sebäbi gözler ortaça  gyrpmalardan az gyrpylýar we gözüň myşsalaryna dynç berilmeýär.
  • Kosmosda basyşyň ýetmezçiligi sebäpli kosmonawtlar aglap bilmeýärler, olaryň göz ýaşlary çykmaýar .
  • Adamyň gözi diňe 3 reňki, ýagny gyzyl, mawy, ýaşyl reňkleri görmäge ukyplydyr. Başga ähli reňkler şularyň garyşygydyr.
  • Delfinler bir gözüni açyp uklaýarlar.
  • Baýguşlar gök reňk saýgaryp bilýän ýeke-täk guşdyrlar.
  • Gurçuklarda hiç hili gözleri bolmaýar.
  • Ynsanyň gulaklary we burny ösmegini hiç haçan togtamaýar. Emma gözleri şol bir ölçegde durýar.
  • Aslynda ynsan gözleri bilen däl, beýnisi bilen görýär. Biziň gözlerimiziň funksiýasy edil fotokameralaryňky ýaly, olar ýagtylygy tutýar we maglumaty beýnä geçirýär.
  • Dünýäniň köp ýerinde gytak gözler owadan we özüne çekiji hasaplanylýar.

Taýýarlan Merjen ATAGARRYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle