TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gowurdak

Öňki döwürlerde türkmenler täze soýlan malyň etini yssy howada uzak wagtlap saklamaga mümkinçiligi bolmansoň, gowurma edipdirler. Eti gowurma edip saklamak türkmenleriň we beýleki çarwa halklaryň (gazak, gyrgyz, özbek we başgalar) dünýä medeniýetine goşan goşandydyr. Gowurma etmek däbi goňşy ýurtlaryň çarwalaryna-da mahsus bolupdyr. Mysal üçin, türkleriň bu barada şeýle aýdymy bar:

Gara goýun etli öler,

Gowurmasy datly öler.

Gowurmany taýýarlamagyň, ýagny et gowurmagyň özboluşly usullary bar. Muny biziň ata-babalarymyz örän oňat bilipdirler. Häzirki döwürde hem muny çopanlar, ýaşuly adamlar we garry aýallar örän oňat bilýärler. Şonuň üçin köp mukdarda gowurma gowurlanda, oňat tejribeli ýaşuly aýal ýolbaşçylyk edýär. Eger şu zatlar oňat berjaý edilmese, onda ýaga atylýan et gowrulman, gaýnap bişýär we tomsuň güni iki-üç günden köp durmaýar, ýagny zaýa bolýar. Türkmenlerde et gowrulyşynyň birnäçe usuly, ýagny görnüşi bar.

  1. 1. Ýagyny aýratyn gowrup, soň eti atylyp gowrulyşy.
  2. 2. Süňki-saňky ownuk çapyşdyrylyp, eti we ýagy bilen bilelikde gowrulyşy.
  3. 3. Guýruk ýagyň gowrulyşy.
  4. 4. Iç ýagyň gowrulyşy.

Gowurdak taýýarlamak üçin soýlan malyň eti gerek. Soýlan malyň guýruk ýagy aýratynlykda ýa-da ýagy bilen bilelikde ownuk dogralyp gowrulýar. Onuň gowurdagyna “jigirdek”, “jyzyrdak” ýa-da “jyzzyk” hem diýilýär. Muňa türkmen halk döredijiligi hem mysal bolup biler:

Jigim-jigim jigirdek,

Ýaga bişen gowurdak.

Gowurdagy kim iýjek,

Jigim ikimiz iýjek

Jyzyrdak şol durşuna çaý hem çörek bilen iýilýär. Ak ýag bolsa “gara çorba”, dograma çorba” dürli tagamlar taýýarlamak bolýar. Ak ýagy toşaba garyp “alaçaly ýag” edip, bala garyp hem çaýyň ýanynda çörek bilen iýilýär.

Türkmenlerde ozal we häzirki döwürde güýzüň aýaklary we gyşyň başy ýörite bag goýun öldürilýän döwür hasaplanylýar. Etiň ýagyny aýryp, jylka etleri aşyk ýaly ululykda dogramaly. Eti mal öldürilen wagty täzeligine gowrupdyrlar. Kiçiräk böleklere bölünen et öz ýagynda gowrulypdyr. Dogralan et iri duz bilen göterşine görä duzlanýar hem­de uly göwrümli jama salnyp, biraz goýulýar. Aslynda, gowurdagy taýýarlamak üçin uly malyň eti, dowaryň guý­ruk ýagy bolsa, gowurdagyň tagamy, lezzeti taryp ederden aşa bolýar.

Et gowurmak üçin niýetlenen ojak ýa­-da aşhana arassa bolmaly we zerur zatlar bilen üpjün edilmelidir. Odundan ýa­-da tebigy gazdan peýdalanyljak bolsa, her bir tarapdan ygtybarly we howpsuz bolmalydyr. Guýruk ýagynyň üstüne göz çeni bilen suw guýup, gazanyň aşagyna ot ýakylýar. Gazanyň ýüzündäki parça­parça ak köpük, çemçe bilen aýrylýar. Şondan soň gazanyň ody peseldilýär. Ony kepgir bilen gaýnaýan guýruk ýagly gazany garyp durýar. Gazandaky gaýnaýan suw ýuwaşlyk bilen bugaryp başlan wagty, gyzgynlyk has hem güýçlen­ýär­de, guýruk ergin ýag görnüşine geçmäge başlaýar. Şeýdip, gazandaky suwdan bir damja hem galman bütinleýin bugarýar. Ýaga durup başlan wagty ýelmeşmez ýaly çalt-çalt bulap durmaly. Şondan biraz wagt geçen soň, hälki guýruk bölekleri bişen erik ýaly saralyp, ýagyň ýüzüne çykýar. Ol süzgüç bilen çykarylyp, aýratyn syrçaly gapda basyrylyp goýulýar. Bu önüme türkmenlerimizde jigirdek ýa-­da sary gowurdak diýýärler. Jigirdek gowy bolanda owadan, dä­ne-­däne görünýär.

Şondan soň, gazanyň içinde gaýnap duran dury ýag galýar. Türkmenlerimiz oňa ak ýag diýýärler. Gowurdak taýýarlamakda guýruk ýagyndan eredilip alnan ak ýagyň täsiri uludyr. Sebäbi guýruk ýagyna gowrulan gowurdak ýumşakdan diýseň datly bolýar. Jigirdegi süzülip aýrylan ýagly gazanyň üstüne gowurdak üçin taýýarlanan eti atyp, aşagy ýanmaz, gazanyň diwaryna ýelmeşmez hem­-de endigan
daglanar ýaly bulap durmaly. Et ýaga garylyp, biraz düýrügenden soň, çeni bilen eti ýumşatmak üçin malyň ýaşyna görä, gazana suw guýup hem biler. Gowrulýan ete suw guýsaň ýumşak bolýar, ýöne uzak saklanylmaýar. Et öz suwuna gowrulsa, azajyk gatyrak bol­ýar, ýöne uzak möhletde saklap bolýar. Gazandaky et owranmaz ýaly, pessaý, endigan otda gaýnadyp, gowurmaly.

Etiň daşy gyzaryp başlandan, et böleklerini kepgir bilen çykaryp, içini tüýdüp görýär. Eger­de, etiň içi hem bişen bolsa, onda gazandaky tagamyň taýýar bolup başlandygyny aňladýar. Gowurdagyň gyzaryp, ýygrylyp baş­la­ma­gy­ bi­len,­ et­aşak­—­ýa­ga­ çöküp, ýüzüni ak köpürjik örtýär. Bu bolsa tagamyň taýýar bolandygyny äşgär edýär. Gowurdakly gazan ojakdan dü­şürilýär we ykjam ýerde goýulýar. Ojakdaky ýanyp duran ot seresaplylyk bilen söndürilýär. Gazandaky taýýar bolan gowurdagy susak bilen öňünden taýýarlanyp goýlan syrçaly gaba salmaly, üstüne gazandaky ýagy guýmaly. Soňra, gabyň gapagyny ýapyp, salkyn ýerde goýmaly.

 

                                                       Gülälek Annaýewa, TYA-nyň Taryh we arheologiýa

                                                      institutynyň etnografiýa bölüminiň kiçi ylmy işgäri   

                            

Balkan welaýaty: hassahanalar we hyzmat merkezi açyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle