TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň Tertibi tassyklanyldy

Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2022-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 108 belgili Buýrugy bilen “Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň Tertibi” tassyklanyldy.  Bu Tertip 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň altynjy bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň tertibini we şertlerini düzgünleşdirýär.

Bellik: Bu ýerde berilen maglumatlar Tertipden alyndy, emma muňa garamazdan öz maşgala Lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň!. Bu maglumatlar Size saglyk maslahatlary däldigini ýatdan çykarmaň!

Tertip kimlere degişli?

Şu Tertibiň kadalary Türkmenistanyň raýatlary, şeýle-de daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, bosgun ýa-da göçüp gelen adam statusy alan aýallara degişlidir.

Haçan  we nirede emeli usul bilen göwreligi aýryp bolýar?

Göwreli aýal on sekiz ýaşyna ýeten soň, bäş hepdä çenli göwreliligiň möhleti bolan mahalynda, göwreliligini emeli usul bilen aýyrmaga hukugy bar. Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmaklyk aýallaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasporty ýa-da beýleki şahsyýetini tassyklaýan resminamasy) esasynda döwlet saglygy goraýyş edaralarynda geçirilýär.

On sekiz ýaşyny doldurmadyk göwreli aýallara göwreliligiň möhleti bäş hepdä çenli bolan mahalynda göwreliliginiň emeli usul bilen aýrylmagy onuň ata – enesiniň (ýa-da olaryň ornuny tutýan adamyň) ýazmaça razylygy we lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň (mundan beýläk – LMBT) netijenamasy bolan mahalynda geçirilýär.

Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagy haýsy  ýagdaýlarda geçirilýär?

1) göwreliliginiň möhleti ýigrimi iki hepdä çenli bolan mahalynda durmuş görkezijileri boýunça – LMBT-nyň netijenamasy boýunça;

2) göwreliliginiň möhleti ýigrimi iki hepdä çenli bolan mahalynda saglygy goraýyş görkezijileri boýunça – LMBT-nyň netijenamasy boýunça;

3) göwreliliginiň möhleti ýigrimi iki hepdeden ýokary bolan mahalynda saglygy goraýyş görkezijileri boýunça – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumynyň) netijenamasy boýunça.

 

Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmaga haýsy  durmuş görkezijiler esas bolup durýar?

1) göwrelilik döwründe äriniň ölenligi (ölüm hakynda şahadatnamasynyň esasynda);

2) göwrelilik döwründe aýalyň ýa-da onuň adamsynyň azatlykdan mahrum edilmegi;

3) göwrelilik döwründe kazyýet tarapyndan çykarylan çözgüt esasynda öňki dogran çagalaryna ata-enelik hukuklaryndan çäklendirilmegi ýa-da mahrum edilmegi sebäpli, aýalyň islegi bilen;

4) göwrelilik döwründe nikanyň bozulmagy;

5) zorlamagyň netijesinde dörän göwrelilik, aýalyň islegi bilen);

6) aýalyň I topar maýyplygy bolan äriniň, çagasynyň bolmagy;

7) göwreli aýalyň on sekiz ýaşyna ýetmändigi.

 

Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagy  haýsy usullarda geçirilýär?

Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagy

  1. derman serişdeleriň ulanylmagy (medikamentoz)
  2. hirurgiýa usulynda (wakuum aspirasiýa, manual wakuum aspirasiýa, kiçi kesar kesimi) geçirilýär.

Göwreliligi emeli usul bilen aýrylmagynyň usuly we görnüşi göwreli aýalyň ýüz tutan döwlet saglygy goraýyş edarasy tarapyndan aýalyň saglyk ýagdaýyna we göwreliligiň möhletine baglylykda saýlanylýar.

 

Haýsy ýagdaýda derman serişdeleriniň ulanylmagy usuly bilen göwrelilik aýrylýar?

Derman serişdesiniň ulanylmagy (medikamentoz) usuly bilen göwreliligiň aýrylmagy göwreliligiň möhleti bäş hepdä çenli bolan mahalynda ýerine ýetirilýär. Göwreliligi emeli usul bilen aýyrmaklyk derman serişdesiniň ulanylmagy (medikamentoz) usuly bilen, ýagny mifepriston gerdejikleri bilen ýekelikde ýa-da mizoprostol gerdejikleri bilen utgaşdyryp geçirilmegi saglyk öýlerinde lukmanlaryň gözegçiliginde amala aşyrylýar.

 

Haýsy ýagdaýda Hirurgiýa usuly ulanylýar?

Hirurgiýa usuly bilen göwreliligiň aýrylmagy şu aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

1) wakuum – aspirator arkaly bäş hepde göwrelilik möhlete çenli;

2) wakuum-manual aspirasiýa on iki hepdä çenli möhletde geçirilýär.

Görkezme dörän halatynda bu usuldan soň ýatgynyň içki diwarlary abzallar bilen gyrylýar.

Ýokardaky görkezilen usullar bilen göwreliligi aýyrmaga garşy görkezmeler, aýalyň janyna howp salýan ýagdaýlaryň bolan halatynda, lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumyň) netijesi esasynda göwreliligiň möhleti ýigrimi iki hepdä çenli kiçi kesar kesimi operasiýasy geçirilýär.

 

Bellik: Saglygy goraýyş görkezmeleri boýunça emeli usul bilen göwreliligi aýyrmaga ýokarda görkezilen kesellerden başga görkezmeler hem bolup biler. Görkezmeler degişli saglyk öýüniň lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijesi boýunça tassyklanýar.

Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň Tertibi  Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan  2022-nji ýylyň 24-nji martynda 1579 bellige  alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

Beýik Seljuk Döwleti: Taryhymyzyň ajaýyp sahypasy Sesli Makalada

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle