TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Goşulyşmazlyk Hereketiniň saglyk ministrleriniň duşuşygy

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň täze koronawirus ýokanjynyň meseleleri boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi.

Geçirilen çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiligi üçin uly wehime öwrülen koronawirus ýokanjyna garşy umumy güýçleriň utgaşdyrylmagy ýaly häzirki zaman sebit we global meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy öz çykyşynda, Goşulyşmazlyk hereketiniň aragatnaşyk toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň hökümetiniň ýurda howply koronawirusyň girmeginiň öňüni almak üçin amala aşyrylýan çäreleri, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin sebit ýurtlary bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji maýynda Goşulmazlyk hereketiniň sammitinde “pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär” diýip, eden çykyşy barada bellenildi.

MERKEZI AZIÝA SAGLYK MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we RF-nyň BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen täze görnüşli koronawirus pandemiýasy zerarly sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýlary bilen bagly özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pandemiýa döwründe bilelikdäki utgaşykly işleriň wajyplygyny bellemek bilen, aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle