SIZDEN GELENLER

“Gorkut atanyň” milli nusgasy

Türkmen halky müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň  dowamynda uly taryhy hem-de terbiýeçilik ähmiýeti bolan ruhy we  maddy gymmatlyklaryň birgidenini döretmegi başardy. “Taryh, maddy we ruhy gymmatlyklar her bir halkyň milli buýsanjydyr. Bu  gymmatlyklar her halkyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan geçmişini beýan edýän hem-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde tutýan ornuny kesgitleýän gymmatly subutnamalar bolup hyzmat edýär”  [ 1,132 ].  Pederlerimiziň  guran ýurtlarynyň, gözel ymaratlarynyň aglabasy wagtyň öňünde durmakdan ejiz geldirler. Ýöne ata-babalarymyz atalar sözlerini, nakyllaryň toplumyny, pähimlerden doly şadessanlary, dessanlary, läleleri, rowaýatlary, aýdymlary, ertekileri we beýleki halk döredijilik eserlerini häzirki nesillere ýetirmegi başarypdyrlar. Olaryň döreden “Şasenem – Garyp“, „Zöhre – Tahyr“, „Hüýrlukga – Hemra“, „Saýatly – Hemra“, „Helalaý – Garyp“, „Gül – Bilbil“, „Babaröwşen“, „Leýli – Mejnun“, „Nejeboglan“ ýaly dessanlary, „Oguznama“, „Gorkut – ata“, „Görogly“, “Tulum Hoja” ýaly  şadessanlary türkmen halk döredijiligine göwher daşy ýaly şöhle saçýarlar. Olar janly hakykaty, halkyň dünýägaraýşyny, onuň köp asyrlyk taryhyny çeper keşpleriň üsti bilen umumylaşdyrýan eserlerdir.

Türkmen halk döredijiliginde aýratyn ýeri eýeleýän şadessanlar geçmişde  bolan wakalary, ata – babalarymyzyň gahrymançylykly işlerini, olaryň dünýägara- ýyşlaryny, ynançlaryny, ýigrençlerini we buýsançlaryny täze nesillere gürrüň bermek arkaly adamlarda watançylyk duýgularyny döredipdirler, nesilleri mertlige, batyrlyga, agzybirlige, dostluga çagyrypdyrlar.

Şadessanlarynyň içinde gahrymançylykly “Gorkut atanyň” orny üýtgeşikdir. Eser mundan 1500 ýyl çemesi ozal bolup geçen wakalardan habar berýär. Onuň käbir boýlary bolsa gözbaşyny has gadymyýeten alyp gaýdýar. Şadessanda diňe türkmeniň däl, eýsem ähli türki halklaryň medeniýetine, maddy we ruhy dünýäsine degişli bolan gymmatlyklar öz beýanyny tapýar.

„Gorkut ata“ şadessany Gündogaryň sowatly adamlaryna belli eser bolupdyr. Fazlallah Reşideddin (XIV asyr), Alişer Nowaýy (XVI), Salyr  Baba Gulaly (XVI asyr),  hywa hany  Abulgazy  Bahadyr han (XVII asyr) ýaly  türkmen taryhyny öwrenen adamlaryň işlerinde şadessan hakynda gymmatly maglumatlar galdyrylypdyr. Olarda “Gorkut ata” türkmenleriň arasynda meşhur eser hökmünde baha berilýär.

“Oguzlaryň – türkmenleriň folklor eserleriniň ösüş taryhy köp asyrlaryň dowamynda ajaýyp „Gorkut ata“ şadessanyny döretdi. Bu meşhur  edebi mirasyň döremegi  külli  oguzlaryň – türkmenleriň halk döredijiliginiň  gülläp ösüşiniň has görnükli, iň ýokary derejä ýeten miwesi  boldy. Oguzlaryň – türkmenleriň „Gorkut ata“ şadessany özüniň düzülişi, çeperçiligi, dili, many – maksady boýunça oguzlaryň – türkmenleriň taryhyny, etnografiýasyny, etnogenezini, medeniýetini beýan edişi, olaryň gahrymançylykly göreşlerini wasp edip, ýokary ideýalylygy bilen dünýä edebiýatyna gatnaşýar“  [6, 139].

Ylyma şadessanyň ýazgydaky iki nusgasy belli. Onuň birinji nusgasy Germaniýanyň  Drezden şäheriniň  şäher kitaphanasynda  saklanýar.  Oňa   „Gorkut atanyň“  Drezden nusgasy diýilýär. Ol on iki boýdan – şahamçadan ybarat. Görnükli gorkutşynas alymlaryň pikirine görä, bu nusga XV asyrda Akgoýunly türkmen döwletinde ýazga geçirilen bolmaly [ 8 ]. Eseriň  ikinji   nusgasy  Watikan nusgasy ady bilen belli. Ol alty boýdan – şahamçadan durýar. Şadessanyň bu nusgasy geçen asyryň ikinji ýarymynda  Watikan  kitaphanasynyň  golýazmalar  gorundan tapylýar.

Häzirkizaman gorkutşynaslygyna “Gorkut atanyň” dilden ýazylyp alynan nusgasy-da belli. Türkmenleriň ata watanlaryndan tapylan ol nusga “Gorkut atanyň” çowdur nusgasy ady bilen tanalýar. Onuň tapylmagy we ýazylyp alynmagy meşhur folklorçy Ata  Rahmanowyň ady bilen baglydyr.

Asly Ahal welaýatyndan bolan Ata Rahmanow sowady ýetik hünärmen hökmünde geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz (şol wagtky Kalinin)  etrabyna partiýa-sowet işine  goýberilýär. Ozaldan ylma ilgezek Ata Rahmanow şol ýerde halk  döredijiligi bilen has içkin gyzyklanyp ugraýar.  Jumamyrat  Oraz ogly, Gurbandurdy Mätjuma ogly, Gurbangylyç Cakan ogly ýaly  meşhur çowdur bagşylary we geçmişi gowy bilýän  adamlar bilen  duşuşyp, olaryň dilinden “Gorkut atanyň”  entek ylyma mälim bolmadyk   nusgasyny  ýazyp alýar. Onuň toplan maglumatlary türkmen gorkutşynaslygy üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär. Sebäbi “Gorkut atanyň” täze nusgasynyň tapylmagy türkmenleriň ata-babalaryna, milli mirasyna gaty uly sarpa goýýandygyklaryna, hiç haçan geçmişdäki milli gahrymanlary bilen aragatnaşygy üzmändiklerine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.

Ata Rahmanowyň ýatlamalaryna görä, “Gorkut ata” şadessanynyň täze nusgasynyň biziň günlerimize ýetmeginde bagşy  Gurbangylyç Çakan  oglunyň aýratyn hyzmaty bolupdyr. Türkmen halk döredijiligine bagyşlap ýazan makalalarynda Ata aga ony  aýratyn hormat we mähir  bilen  ýatlaýar.

Geň galaýmaly derejede  ýatkeş, tǔrkmen  halk döredijiliginiň ölemen aşygy, tǔrkmen halkynyň  gelip çykyşy,  etnografiýasy boýunça  ensiklopedik bilime eýe bolan  bu  ýaşulydan Ata Rahmanow “Gorkut ata” şadessanyny, şeýle hem “Oguznama”  şadessanynyň täze nusgasyny, “Şasenem – Garyp” dessanynyň birnäçe  şahasyny, tǔrkmen tire-taýpalarynyň gelip çykyşlary hakyndaky gymmatly maglumatlary  ýazyp alýar. “Görogly” şadessanynyň barlygy bilinýän, ýöne tapmasy kyn bolan “Göroglynyň ölümi” şahasyny kimden ýazyp almaklygyň mümkindigi barada maglumat alýar  [ 7 ].

Daşoguz  welaýatynyň  Boldumsaz  etrabynda  ýaşap geçen Gurbangylyç Cakan ogluna uzak ömǔr  sǔrmek  miýesser  edipdir.  Ol 1957-nji ýylda 98  ýaşynyň  içinde  aradan çykýar.  Onuň garyndaşy,  Boldumsaz etrabynyň Goldawly obasynda (Lawak  demir  ýol  menzili)  ýaşap,  2020-nji ýylda 96 ýaşda aýrylan   Akjagǔl  Tagan gyzynyň  beren  gǔrrǔnlerine görä,  Gurbangylyç Cakan ogly ýaş wagtlary tanymal bagşy ekeni.  Ýöne geçen asyryň  otuzynjy  ýyllarynda  sesini  zaýaladýar. Şondan  soň ol uly toýlara çykyp  aýdym aýtmagyny bes edýär. Emma aýdyma-saza bolan höwesi  onuň ömürlik hemrasy, ullakan gara dutar hem  hemişelik  ýarany bolupdyr. Bagşy  töweregine  ýygnalýan adamlaryň  ýaşyna, işine, wezipesine  garamazdan, olara geçmişiň  gǔrrǔňlerini, tǔrkmen taryhyny, dessanlaryny, şadessan- laryny gǔrrǔn edip berer ekeni.  Şonda ol oguzlaryň – tǔrkmenleriň   köp wagtlap oturan  ýerleri  bolan  Tǔrkǔstana, Altaýa, Maňgyşlaga  ýaş  wagty  eden  saparlaryny ýygy-ýygydan  ýatlamagy halapdyr. Gǔrrǔň arasynda  daşyna  ǔýşen ýaş-eleňlere, häli-şindi: “Balalarym,  meniň  aýdanlarymy ýatda saklajak  boluň. Bu  gǔrrǔňleriň  gadryny häzir bilmeseňizem ýaşyňyz gaýdyşandan soň  bilersiňiz. Galybersede,  könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” – diýip ýǔzlenipdir.

“Gorkut atanyň” çowdur nusgasynyň ylmy ähmiýeti uly. Ol on alty boýdan-şahamçadan  ybarat.  Olaryň on iki şahamçasy “Gorkut ata”  şadessanynyň  Drezden  nusgasynyň boýlarynyň mazmunyny belli bir derejede gaýtalaýar. Dört şahamçasy bolsa başga ýerde duşmaýar. Eseriň gunbatar nusgalaryny gaýtalaýan şahamçalary-da özboluşly gǔrrǔň beriş aýratynlyklary, hereket edýän   gahrymanlaryň  ǔýtgeşikligi, wakalaryň bolup geçýän ýerleriniň başgalygy  ş. m. bilen  olardan tapawutlanýarlar. Bu  ýagdaý  günbatara  giden  oguzlaryň-tǔrkmenler bilen ata Watanlarynda galan türkmenleriň dǔnýägaraýyşlaryndaky umumylyklary  we  aýratynlyklary  deňeşdirip öwrenmäge giň mümkinçilik açýar. Milli nusganyň käbir boýlary – şahamçalary ilkinji gezek şadessanyň 1951-nji ýylda professor M. Kösäýewiň  redaksiýasy bilen  taýýarlanan neşirine goşulýar. Ýöne ol neşir şol wagtlar agalyk eden ideologiýa bilen baglanşykly sebäplere görä okyjylara gowuşmaýar.

“Gorkut  ata” – beýik halkyň beýik pederlerine bolan beýik söýgüsinden dörän eser. Onuň süňňüni millilik, özenini buýsanç düzýär. Hut şu sebäplem döredijilikde synpylyk, partiýalylyk, syýasatda ähli halklary umumy bir millete öwürmeklik ündew edilen sowetler döwründe şadessanyň ykbaly keç gelýär. Ony tutuş türkmen halkyna däl-de, diňe han beglere degişli eser hökmünde görkezmäge çalyşylýar. Şadessan bilen ýakyndan iş salyşyp, ony halka elýeterli etmeklik ugrunda alada eden professorlar  Mäti  Kösäýew  bilen  Baýmuhammet  Garryýew, “Gorkut atanyň” milli çowdur nusgasyny ýygnan Ata  Rahmanow  ýaly   alymlar  dürli  görnüşli  jenaýat  jogapkärçiliklerine  çekilýär [ 3, 478 – 507 ].  Netijede, “Gorkut ata” urşy, dagynyklygy, dawa-jenjeli wasp edýän eser hökmünde gadagan edilen esere öwrülýär.  Şadessan  diňe  1990-njy ýylda  Türkmenistanda okyjylaryna gowuşýar.

Milli garaşsyzlyga eýe bolunmagyň netijesinde „Gorkut ata“ şadessany hem   azatlyga çykdy. Ol gysga döwrüň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Şadessan özbaşdak kitap görnüşinde birnäçe gezek çap edildi. Oňa  bagyşlanan  ylmy barlaglar peýda boldy. Şadessandaky dürli meselelere bagyşlanan ylmy we publisistik makalalar çap edildi. Sahna eserleri döredildi. Şadessan boýunça ylmy konferensiýalar, şol sanda halkara konferensiýasy-da geçirildi   [ 4 ]. Gorkut ata “…şadessanynda öňe sürülýän mukaddes Watana, ata-enä, keramatly topraga, ynsana hormat goýmak, päklik, dogruçyllyk, halallyk we ynsanperwerlik hakyndaky öwüt-ündewler diňe bir öz döwri üçin däl, ähli döwürler üçin hem ähmiýetini ýitirmedik terbiýe mekdebidir – akyl-paýhasy durlaýjy milli gymmatlygymyzdyr”  [ 2, 8 ]. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oguz – türkmenleriniň ata Watanlarynda tǔrkmen döwleti, milli ruhyýeti ǔçin iňňän  zerur  bolan  gymmatbaha maglumatlary özünde saklaýan gahrymançylykly “Gorkut ata” aýratyn sarpa goýulýar.

Peýşembaý Aýdogdyýew

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri

filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

Ýaponiýa sanjym üçin iň pes ýaşy azaltmak isleýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz