TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Google” habarlar üçin töleg eder

ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy “Google” mazmuny ýokary bolan habarlar üçin töleg tölemek isleýär. Bu babatda 3 ýurduň köpçülikleýin metbugat gulluklary bilen şertnamalar baglaşyldy. Kompaniýa şeýle şertnamalaryň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.

“CNBC-däki” habara görä, “Google” kompaniýasy hödürleýän mazmuny üçin Germaniýadan (Spiegel Group), Awstraliýadan (Solstice Media) we Braziliýadan (Diarios Associados) metbugat gulluklaryna pul tölär.

“Bloomberg” gullugyndaky habara görä, birnäçe ýyl bäri media kompaniýalary “Google” we beýleki onlaýn platformalary özleriniň habarlarynyň mazmunyny ulanmak we sanly mahabata gözegçilik etmek üçin tankytlaýandygyny belleýär.

“Google-yň” wise-prezidenti Bred Bender ökde mazmun öndürijileriniň sanyny artdyrmak üçin käbir habar neşirlerine mazmun üçin töleg töläp başlajakdygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, şol beýannamada ulanyjylaryň “Google News” we “Discover” arkaly ygtyýarly şahsy mazmuna girmegini dowam etdirjekdigi baradaky maglumatlar görkezildi.

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle