TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Goňur kömürden organiki döküni almagyň amatly usuly

Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär we ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ylmy ugurlaryň çäginde ýurdumyzyň himiýa ylmynyň öňünde anyk wezipeleri goýuldy. Şol wezipeleriň arasynda Türkmenistanyň ýerli çig mallaryny ylmy esasda öwrenmek, olara baha bermek we olardan dünýä bazarynda bäsleşip bilýän önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny öwrenmek meselesi şu günki günüň iň wajyp, möhüm meseleleriniň biridir.

XX-asyryň 50-nji ýylaryndan başlap dünýaniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, GDA-ýurtlarynda kömrüň (daş,goňur), torfyň, ýanyjy slanesleriň, sapropeliň, ligniniň, dersiň we beýleki organiki gelip çykyşly (ösümlik galyndylary, kompostlar, çürüntgiler) maddalaryň düzüminde saklanýan gumin maddalarynyň, ýagny gumin kislotasynyň, fulwo kislotasynyň, gimatomelan kislotasynyň ujypsyz suwda ereýän az mukdary (0,01-0,0001 %-li ergini) fiziologiki  işjeňligi ýüze çykaryp ösümligiň ösüşini çaltlandyrýanlygy, hasylyny ýokarlandyrýanlygy (30-50%), hasylyň hilini gowylandyrýanlygy, topragyň gumus ýagdaýyna, suw we howa çalşygyna, oňyn täsir edýanligi, toprakdaky iýmitlik maddalaryň öwrülişiklerine amatly täsir edip olaryň bolçulygyny döredýänligini, topragyň biologiki  işjeňligini artdyrýanlygyny ylmy esasda subut etmek we kömrüň, torfyň esasynda ýokary netijeli guminli organomineral dökünleri (uglegumin, torfogumin), ösdüriji serişdelerini (gumatlar) öndürip önümçilige hödürlendi.

Gazanylan ylmy netijeler şu aşakdaky awtorlaryň köp sanly ylmy makalalarynda ylmy işlerinde beýan edildi  (L. A. Hristowa  1957, 1962, 1968, 1977, 1983, S. S Dragunow  1957, 1968, 1983, 1984, D. S Orlow 1974, M. M. Kononowa 1963, S. A. Aliýew 1973,1988, 1998, L. N. Aleksandrowa 1980, 1990, E. N. Mişustin 1961,1979)  we «Gumin dökünleriň teoriýasy we praktiki ulanylyşy»  atly ýöriteleşdirilen ylmy makalalaryň ýygyndysynda neşir edildi. 1957, 1962, 1965, 1968, 1975, 1977, 1983 ýý. Türkmenistanda Tüwergyryň okislenen goňur kömrüniň himiki düzümini öwrenmek we oňa agrohimiki baha bermek işleri 1979-1985 nji ýylarda Himiýa institutynyň işgärleri tarapyndan amala aşyryldy (B. Namatow, A.Tekäýew 1985, H. Walekowa 1986 ). Geçirilen synag işleriniň netijesinde Tüwergyryň okislenen goňur kömrüniň esasynda ammoniý gumaty  dökünini, “Oksigumat” ösdüriji serişdesini öndürmegiň tehnologiýasy önümçilige hödürlendi we ornaşdyryldy.

Emma soňky ýyllarda (1996-2006 ýý.) kömrüň düzümindäki gumin kislotasynyň ylymda mälim bolmadyk häsiýetleri ýüze çykarylyp, ylmy jemgyýetçiligine mälim edildi (A. D. Fokin 1992, 2002, A. I. Karpuhin 1997, S. A. Aliyew 1999 ý).

Organiki dökünlere bolan islegiň artmagy birnäçe esasy sebäpleri, ýagny dünýäniň ähli ekerançylyk zonalarynda, topragyň iň gymmatly bölegi bolan onuň düzümindäki gumusynyň mukdarynyň ýyldan-ýyla azalýanlygy, topragyň aşa hapalanmagy, (aýratyn hem senagat taýdan ösen ýurtlarda), azyklyk üçin ekilýän ekinleriň taýýär önümleriniň hil görkezijilerine edilýän talabyň ýokarlanmagy (ýagny özüniň düzüminde saklanýan ýokumly maddalaryň kadaly bolmagy, nitratlaryň, agyr metallaryň saklanýan derejesiniň kadaly bolmagy), özüniň tebigy tagamynyň saklanmagy we ş.m. bilen baglydyr.

Organiki dökünler özleriniň tebigaty, fiziki-himiki häsiýetleri boýunça ekologiki howpsyz dökünlerdir. Organomineral dökünleriň düzümi fiziologiki işjeň maddalardan durup, olar janly tebigatda, aýratyn hem toprakda, ösümlik dünýäsinde geçýän öwrülişiklere oňyn täsir edip, olary çaltlandyrmaga ukyplydyr.

Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Goňur kömrüni azot kislotasy bilen okislendirmek arkaly organiki dökün almagyň amatly usuly” atly ylmy-barlag işi alnyp barylýar we bu ylmy-barlag işiniň öňünde durýan esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda çykaran 1957-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň  2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” esasynda  ýerli  çig  mal serişdelerinden täze, düzüminde fiziologik işjeň maddalaryny saklaýan we tohumlaryň gögerijiligini, ýaş ştilleriň (nahallaryň) bolsa ösüşini çaltlandyrýan boý ösdüriji serişdesiniň, ösümlikleriň hasyllylygyny we önümiň hilini ýokarlandyrýan organomineral dökünini döretmekden ybaratdyr.

Munuň bilen birlikde goňur kömrüni daşary ýurtdan getirilýän önüm bolan wodorod peroksidi bilen okislendirmegiň ýerine öz ýurdumyzda öndürilýän azot kislotasy bilen okislendirmek arkaly organiki dökün almagyň amatly usulyny ylmy taýdan esaslandyrmak maksady hem göz öňünde tutulýar.

Ýokarda agzalan maksatlara ýetmek üçin ähli ylmy – barlag işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň akkreditirlenen “fiziki – himiki seljermeler we güwanama” bölümine degişli bolan barlaghanasynda ýerine ýetirilýär.

Bu ylmy-barlag işiniň täzeligi bolsa Türkmenistanda ilkinji gezek Tüwergyr käniniň goňur kömri ýerli çig mal bolan azot kislotasy (HNO3) bilen okislendirildi.

Öwezmämmet Orazmämmedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Muhammetnazar Çaryýew, uniwersitetiň talyby.

 

Türkmenistanda täze hökümet düzüldi

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle