TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Golowin şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Fransiýanyň «Monako» toparynyň düzüminde çykyş edýän russiýaly ýarymgoragçy Aleksandr Golowin topary bilen täze şertnama gol çekişdi. Täze şertnamanyň möhleti 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanar.

Golowin 2018-nji ýylda Russiýanyň SSKA toparyndan «Monako» toparyna geçipdi. Bu transferiň bahasy 30 million ýewro deň bolupdy. 23 ýaşly futbolçynyň şertnamasy 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenlidi. Täze şertnama bilen onuň möhleti 1 ýyl uzadyldy. Rus futbolçysy toparynda mundan beýläk bir ýylda 3 million ýewro hak alar.

Şu möwsümde Golowin toparyň düzüminde 25 duşuşykda çykyş etdi. “Monako” topary häzirki wagtda 40 bal toplap, Fransiýanyň milli çempionatynda 28-nji orunda barýar.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle