TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Golliwudyň prodýuseri, bruneý şazadasy aradan çykdy

Media metbugatynyň habaryna görä, meşhur kino prodýuseri, bruneý şazadasy Azim birnäçe wagt keselhanada bolup, bagyr keselinden ejir çekip 38 ýaşynda aradan çykypdyr. Şazada Azim, Pamela Anderson ýaly Golliwudyň meşhurlary bilen hyzmatdaşlyk edendigi bilen tanalýardy. Mundan başga-da, Azim, Hilary Swankyň baş keşbi janlandyran 2014-nji ýyldaky dramany, şeýle hem Emili Watson, Kolin Firth we Rupert Everett bilen 2018-nji ýylda “Bagtly şazada” filmini döretdi.

Günorta-gündogar Aziýa ýurdunyň hökümeti Bruneý-Darussalam döwletiniň paýtagty bolan Bandar Seri Begawanda ölen şazada üçin milli ýas hepdeligini yglan etdi.

Azim Bruneýiň lideri Soltan Hasanal Bolkiahyň ogly, dünýäniň iň baý, esasanam ýurduň tebigy baýlyklary sebäpli iň uzak wagtlap höküm sürýän monarhlaryndan biri bolupdy.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Noýabr aýynyň soňky 10 günlügi: halkara medeni çäreler

Teswirle