TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Golliwud hakynda nämeleri bilýäris?

Amerikan kinolary hakynda gürrüñ gitse, biygtyýar ýadymyza “Golliwud” gelýär. Şol ýerde çekilen gyzykly kinolary, olardaky görmegeý, zehinli aktýordyr, aktrisalary, sahnalarda goýulýan ýörite effektleri görüp, haýran galmadyk adam, megerem, ýok bolsa gerek. Eýsem, biz bu “ertekiler dünýäsi” hakda nämeler bilýärkäk? Geliñ bu ýer hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyñ!

  • Golliwud Los-Anjeles şäheriniñ demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşendir.
  • XIX asyryñ ortalaryna çenli bu ýerde däneli ekinleriñ bol hasyly alynypdyr.
  • Soñra Uitli familiýaly ýaş çatynjalar bu ýerleri satyn alypdyrlar we Golliwud diýp atlandyrypdyrlar. Bu söz ostrolist agajy diymegi añladýar.
  • Bu ýerdäki Waýn strit köçesiniñ ugrundaky “Şöhrat alleýasynda” 2600 ýyldyzjyk bolup, olarda dünýä belli adamlaryñ atlary ýazylandyr.
  • 2002-nji ýylda meşhur boksçy Muhammet Alynyñ ady hem bu alleýada berkidilýär, emma boksçynyñ talaby bilen ýyldyzjyk ýerden aýrylyp, diwara goýulýar.
  • Golliwudda ýylda ortaça 100-120 çeper film çykarylýar.
  • Depäniñ üstündäki ýazgy 1923-nji ýylda goýulyp, ilkibaşda “HOLLYWOODLAND” bolup, 1949-njy ýylda bejergi işleri wagtynda sözüñ soñky “LAND” bölegi aýrylýar.
  • Ýazgydaky her bir harpyñ beýikligi 14 metre, hatyñ dolulygyna uzynlygy 110metre ýetýär.
  • 2001-nji ýylda Golliwudyñ merkezinde “Kodak” teatry işläp başlady. Bilişimiz ýaly iñ gowy kinolar üçin berilýän dünýäbelli “Oskar” baýraklary şu ýerde gowşurylýar.
  • Golliwudda çekilen kinolaryñ aglabasynda peýda bolýan gazetler atsyzdyr we olaryñ çykarylan seneleri görkezilmedikdir. Bu däp 1991-nji ýyldan bäri dowam edip, gazet neşir edýän brendleriñ arasynda dawanyñ öñüni almak üçindir.

 Arzygül Tekemyradowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet sylaglaryny aldy

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle