DÜNÝÄ

«Gollandiýa» taryha siňdi

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Niderlandlar Patyşalygyny «Gollandiýa» diýip atlandyrmak düýbünden ýatyryldy. NOS radiostansiýasynyň habar bermegine görä, ähli ýerde mundan beýläk ýurduň adyny diňe «Niderlandlar» diýip tutmak we ýazmak hökmanydyr.

Ýerli häkimiýet bu özgerişligiň syýahatçylyk pudagyna hem oňaýly täsir etjekdigine ynanýar. Mundan ozal syýahatçylar, esasan, taryhy Gollandiýa ― Amsterdam, Harlem we Gaaga şäherlerine köp barýardylar. Döwrebap Niderlandlar bolsa ikinji planda galýardy.

Bu gutarnykly çözgüt Patyşalygyň býujetinden 200 müň ýewronyň sarp edilmegine hem sebäp boldy.

Niderlandlarda Demirgazyk we Günorta Gollandiýa prowinsiýalary bar. Ýurduň ady Gollandiýa hökmünde bu ýere rus imperatory Pýotr I baryp gaýdandan soňra tutulyp başlanypdyr.

 

Ýene-de okaň

GDA-nyň oba hojalyk bilermenleri Aşgabatda geler

Wengriýanyň täze ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň II parlamentara forumyna gatnaşýar

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasy açyldy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar