TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Gökdepe galasy” küşt ýaryşy

Şu ýylyň 9-10-njy maý aralygynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Gala” toý mekanynda sportuň küşt görnüşi boýunça Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp hem-de halkara ussat küştçi Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony bolan Amanmyrat Kakageldiýewi ýatlap, “Gökdepe Galasy” atly küşt ýaryşy geçirildi. Bu bäsleşik 10 ýyldan bäri “Gala” hususy kärhananyň hemaýatkärliginde geçirilýär.

Ýaryş jemi 3 derejede geçip, oňa gatnaşyjylar “A”, “B” we “Ç” toparlara bölündi. Her toparda 14 oýunçy çykyş etdi. Şeýle hem ýaryş aýlaw usulynda jemi 13 tapgyrdan ybarat boldy. Tapgyryň netijesi boýunça iň köp utuk toplan oýunçy ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýaryş FIDE-niň kada-kanunlaryna laýyklykda her bir oýunça 15 minut goşmaça her göçüme 10 sekunt wagt goşuldy. “A” toparda Türkmenistandaky güýçli küşt ussatlary gatnaşdy. “B” toparda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň ýaşlar ýygyndy topary  we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşlar ýygyndy topary we tälimçileri gatnaşdylar. “Ç” toparda bolsa, Ahal welaýatynyň Gökdepe sport mekdebiniň ýaşajyk türgenleri çykyş etdiler. Ýaryşyň baş emini bolsa, Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň şeýle hem, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew boldy.

Ýaryşyň ýeňijileri “A” toparyndan I orna 13 oýunda 12 utuk toplan Aşgabat şäheriniň halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew mynasyp boldy.  II orny 13 oýunda 11,5 utuk toplan küştüň iň ýokary derejesi bolan halkara grossmeýster we Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriliginiň sport klubynyň işgäri  Maksat Atabaýew eýeledi. III orny bolsa, 13 oýunda 9 utuk toplan Aşgabat şäherinden sport ussatlygyna dalaşgär  Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4 ýyl talyby we milli ýygyndy toparyň agzasy Şahruh Turaýew eýelemegi başardy.

“B” toparyndan I orna 13 oýundan 11 utuk bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4 ýyl talyby Serdar Ýalkanow mynasyp boldy. II orna 13 oýundan 10,5 utuk bilen 1-nji derejeli ýaşlar ýygyndy toparynyň agzasy we tälimçisi Ahmet Gubataýew mynasyp boldy. III orny 13 oýundan 10 utuk bilen Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň küşt mugallymy Türkmenistanyň sport ussady Begenç Annaýew eýeledi.

“Ç” toparyndan hem I orny 13 oýundan 12 utuk bilen Güljemile Saparowa eýelemegi başardy.

II orna 13 oýundan 11 utuk bilen Oguljeren Saparowa mynasyp boldy. III orna bolsa, 13 oýundan 11 utuk bilen Hoja Hojamyradow mynasyp bolmagy başardy.

Ýaryşyň ýeňijilerine we oňat netije görkezen türgenlere “Gala” hususy kärhanasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Aýşirin ALYÝEWA

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini

 žurnalistika hünäriniň 3 ýyl talyby

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle