SIZDEN GELENLER

Gök we ýyldyz görnüşli kädiniň agrotehniki ideg işleri

Gök kädini we ýyldyz kädini ekmek üçin ýokumly toprakly ýerler saýlanyp alynýar. Bu ekinleri gawun we garpyzdan soň ekmeklik maslahat berilmeýär. Toprak ýumşadylyp sürülýär, tekizlenilýär. Joýalar çekilýär. Aprel, maý aýlary gektara 4-6 kg çigit sepilýär. Gämikläp ekilende gektara 3-4 kg çigit gerek bolýar.

Ekişden soň aşakdaky işler geçirilmeli:

  1. Gämikleri ýekelemek (maý we iýun aýlary).
  2. Topragyň gapagyny ýumşatmak.
  3. Gülläp başlaýan döwrüni hem içine alyp 3 gezek azot, fosfor, kaliý dökünleri bilen iýmitlendirmek.
  4. Ösüş we hasyl toplaýyş döwürlerinde, 12-16 gezek, her gezek gektara 900m 3 suw tutmak.
  5. Haşal otlardan arassalamak. Zyýankeşlere we kesellere garşy göreşmek;
  6. Hasylyny ýygmak (düwüp başlandan 2-3 günlük miwe düwünçekleri yzygiderli gaýtalanyp ýygylýar).

Gök kädiniň sorty-Gribowskiý-37. Ýyldyz kädiniň ösdürip ýetişdirilýän

sorty- Beliýe-13 sorty diýilýär.

 

AÝHANOWA GÜLŞAT,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

Sanjym bolanlar syýahat edip bilerler

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir